Aýbölek mebel kärhanasy Arkadag şäherindäki täze jaýlar üçin aşhana mebellerini öndürýär

Aýbölek mebel kärhanasy Arkadag şäherindäki täze jaýlar üçin aşhana mebellerini öndürýär

Türkmen mebel önümçiliginde öňdebaryjylaryň biri bolan Aýbölek kärhanasy häzirki wagtda uly döwlet sargydy boýunça işleri alyp barýar. Has takygy, kärhana Ahal welaýatynyň dolandyryş merkezi bolan Arkadag şäherinde ýokary oňaýlylykda bina edilýän jaýlar üçin aşhana mebellerini öndürýär.

Eýýäm bu ýerdäki 400 sany öý täze aşhana mebel toplumlary bilen üpjün edildi.

Mundan başga-da, bu günki günde bir mekdep we çagalar bagy üçin dürli görnüşli mebel toplumlary (1200 sany) taýýarlanyldy. Arkadag şäheriniň beýleki bilim edaralarynyň mebel bilen üpjünçiligi hem dowam etdirilýär.

Aýbölek mebel kärhanasynda öý, ofis, bilim we sagaldyş edaralary üçin niýetlenen mebelleriň dürli görnüşleri — aşhananyň, ýatylýan otagyň mebel toplumy, myhman otagy üçin mebel toplumlary, ofis stollary, oturgyçlary, tekjeleri, synp partasy we oturgyçlar, synp tagtalary, şeýle-de hassahana koýkalary ýaly mebel önümleri taýýarlanylýar.

Aýbölek haryt nyşanly mebel önümleri kärhananyň şu salgydaky dükanynda alyjylara ýetirilýär: Aşgabat ş., Andalyp köçesiniň 80-nji jaýy. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 12) 47 01 03 we (+993 12) 47 01 04.

Ýene degişli makalalar

Aýbölek kärhanasy TSTB-niň 15 ýyllygy mynasybetli geçiriljek sergä gatnaşar
Türkmenistanyň Astrahandaky konsullygynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli maslahat geçirildi
Ahal-Siti dolandyryş merkeziniň çagalar baglary we mekdepleri Aýbölek kärhanasynyň mebelleri bilen üpjün ediler
Aýbölek dükanynyň amatly bahaly žurnal stoly öýüňize özboluşly bezeg berer
Aýbölek mebel kärhanasy 2022-nji ýylyň birinji 6 aýynyň netijelerini mälim etdi
Parahatçylygyň ýaş çaparlary akyl-paýhas bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy
Aýbölek kärhanasynyň hünärmenleri sargyt edijileriň isleglerine laýyk gelýän aşhana mebellerini taýýarlaýarlar