Aýdymçy Brýus Springstin ähli aýdymlaryny satmakçy

Aýdymçy Brýus Springstin ähli aýdymlaryny satmakçy

INTERFAX.RU habar gullugy meşhur amerikan aýdymçysy, Gremmi saz baýragynyň 20 gezek eýesi Brýus Springstiniň ähli aýdymlaryna bolan eýeçilik hukugyny Sony kompaniýasyna satmakçydygyny ýazýar. Oňa 20 sany studiýa aýdym-saz albomy, şeýle-de platinada ýazgy edilen Born in the U.S.A., Born to Run, Darkness on the Edge of Town we The River albomlary girer.

Geleşik golaý günlerde baglaşylar we onuň bahasy saz bazarynda rekord derejede — 500 million dollar bolar. Netijede, ol taryhda iň gymmatbaha geleşik bolar.

Mundan öňki rekord Bob Dilana degişli, onuň ähli aýdym-sazlaryny 2020-nji ýylyň dekabrynda Universal Music Group kompaniýasy 300 million dollara satyn aldy, Dewid Bouiniň aýdymlary bolsa, 200 million dollara satyn alyndy.

Geçen 2020-nji ýylda aýdymçy Springstin öz çykyşlarydyr ýazgylary bilen 15 million dollar girdeji gazandy.

2021-nji ýylyň maýynda Sony Music kompaniýasynyň baş direktory Rob Stringer öňdäki ýarym ýylda öz kompaniýasynyň şeýle geleşiklere 1,4 milliard dollar sarp edendigini habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Amerikaly aýdymçy Bobbi Storm uçarda gopgun turuzdy
Bilesiň gelýärmi? gepleşiginde Gremmi barada gürrüň berilýär
Ýunus Emre Ýyly
Gazagystanly DJ "Gremmi" baýragyny aldy
Billi Aýliş "No time to die" kompozisiýasy üçin "Gremmi" baýragyny aldy
63-nji Gremmi baýraklary gowşuryldy, Beýonse, Swift, Billie Eilish öňe saýlandy