“Azerbaýjan Bilen Edýän Gatnaşyklarymyzy Pugtalandyrmak Isleýäris”

“Azerbaýjan Bilen Edýän Gatnaşyklarymyzy Pugtalandyrmak Isleýäris”

Eýranyň Daşary işler ministri Hüseýin Emir Abdullahiýan, Azerbaýjan bilen edýän gatnaşyklarynyň pugtalanýandygyny aýtdy.

Eýranyň resmi IRNA habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, Daşary işler ministri Abdullahiýan bilen Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow, Moskwada Gazagystanyn, Russiýanyň we Türkmenistanyň gatnaşmagynda geçirlen Hazarýaka döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň maslahatynyň çäginde duşuşdy.

Duşuşykda, Azerbaýjan bilen Eýranyň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalanýandygyny nygtan Abdullahiýan, iki ýurduň liderleriniň arasyndaky soňky duşuşykda gatnaşyklaryň ähli taraplaýyn ösdürilmegi boýunça ylalaşyk gazanylandygyny ýatlatdy.

Tähran bilen Bakuwyň arasynda koridor açmak we söwda hyzmatdaşlygy ugurlary boýunça şertnama baglaşylandygyny nygtan Abdullahiýan, özara gatnaşyklaryň ykdysadyýet, medeniýet, howpsuzlyk we syýahatçylyk ýaly ugurlarda pugtalanmagy üçin hem tagalla edýändiklerini ýatlatdy.

Ýene degişli makalalar

Eýrandaky terrorçylykly hüjümde 84 adam ýogaldy
Eýran: "ABŞ ýaraşyk isleýändigi baradaky ýüzlenmesini bize ýetirdi" diýdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Abdullahiýan Bilen Lawrow Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
“Pakistan Bilen Eýranyň Arasyndaky Dartgynlygyň Möwjemegini Islemeýäris”
Eýran, Russiýa Ukraina garşy ulanmak üçin ýarag bermändiklerini aýtdy