Eýran: "ABŞ ýaraşyk isleýändigi baradaky ýüzlenmesini bize ýetirdi" diýdi

Eýran: "ABŞ ýaraşyk isleýändigi baradaky ýüzlenmesini bize ýetirdi" diýdi

Eýranyň resmi habarlar agentligi IRNA-nyň berýän habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministri Hüseýin Emir Abdullahiýan ýurduň paýtagty Tähran şäherinde geçiren metbugat ýygnagynda: "ABŞ-lylar soňky 3 günde bize ýaraşyk isleýändiklerini we bu babatda ädimler edýändiklerini beýan edýän ýüzlenmeler ugratdylar, emma hakykatynda bolsa Gazada köpçülikleýin gyrgynçylygy we genosidi goldaýarlar" diýip habar berdi.

Eýranyň Daşary işler ministri Hüseýin Emir Abdullahiýan: "ABŞ-nyň iň gysga wagtda syýastyny üýtgetmegini we basyp alyjy tarapa goldaw bermegini bes etmegini umyt edýäris" diýip nygtady.

Hamasyň harby şahasy Kassam topary 7-nji oktýabrda Ysraýyla garşy "Aksa tupany" ady bilen giň gerimli hüjüm başladandygyny habar beripdi.

Ysraýylyň goşuny hem şoňa jogap hökmünde harby uçarlary bilen Gaza garşy "Demir Gylyçlar" operasiýasynyň başladylandygyny mälim edipdi.

Başdan geçirilýän hadysalar sebäpli taraplaryň ikisinden hem müňlerçe adam ýogaldy.

Ýene degişli makalalar

Eýrandaky terrorçylykly hüjümde 84 adam ýogaldy
“Azerbaýjan Bilen Edýän Gatnaşyklarymyzy Pugtalandyrmak Isleýäris”
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Hakan Fidan daşary ýurtly kärdeşleri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Abdullahiýan: "ABŞ-na Ysraýyla edilen hüjüm barada duýduryş beripdik" diýdi
Stefan Dýužarrik Eýranyň Siriýadaky ilçihanasyna guralan hüjüm barada beýannama berdi