Azerbaýjan Hazaryň suw ýalpaklygy boýunça halkara ylmy merkezi döretmegi teklip edýär

Azerbaýjan Hazaryň suw ýalpaklygy boýunça halkara ylmy merkezi döretmegi teklip edýär

Hazar deňziniň ýalpaklygy meselesiniň çözgütleri halkara ylmy merkeziň döredilmegini talap edýär.Azerbaýjan bu babatda rus tarapy we Gazagystan we Eýran bilen bilelikde gözleg geçirmek barada ylalaşdy.Kazinformuň habaryna görä, Azerbaýjanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň ilkinji wise-prezidenti, akademik Ybraýym Guliýew Howanyň üýtgemegi, çaklamalar we uýgunlaşma çäreleri kontekstinde Hazar deňziniň derejesiniň üýtgemegi atly halkara maslahatda hut şu meseläni ýene bir gezek orta atdy.

Häzirki wagtda Hazaryň suwunuň derejesiniň peselmegi bilen baglanyşykly çynlakaý pikirlenmeli.Suwuň ýene 1-2 metr peseljkdigini çaklasak, adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almaga çynlakaý girişmeli.Dinamikany kesgitlemek üçin, Hazar döwletleriniň bäşisine hemmetaraplaýyn gözegçilik etmek zerurdyr.

Bu meseläni diňe Azerbaýjanda öwrenip bolmaz, Halkara Ylmy Merkez zerur diýip, ol çykyşynda aýtdy.

Onuň sözlerine görä, Hazar deňzi bilen baglanyşykly ylmy gözlegler aslynda 30-40 ýyl ozal geçirilen gözleglere esaslanýar. Täze tehnologiki mümkinçilikleri göz öňünde tutup, düýbünden başga bir derejede gözleg geçirmek zerurlygy häzirki döwürde aktuallaşýar. Şol sebäpden, Hazar deňziniň ýalpaklygy meselesini doly öwrenmek üçin, Hazar ýurtlarynyň bäşisiniň bilelikde ylmy işi zerurdyr.

BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň goldawy bilen Azerbaýjanyň Ekologiýa ministrligi tarapyndan 5-nji iýulda guralan maslahatda Hazar ýurtlarynyň hünärmenleri, halkara guramalarynyň wekilleri we daşary ýurtly hünärmenler Hazaryň derejesindäki häzirki we garaşylýan üýtgemelere ünsi çekdiler.

Deňiz, şeýle hem howanyň ýagdanyny göz öňünde tutup, milli we sebitleýin uýgunlaşma çärelerini kesgitlemek üçin hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdy. Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda dünýäniň iň uly ýapyk suw howdany bolan Hazar deňziniň çuňlugy soňky döwürde Hazarýaka döwletleriniň arasynda uly alada döretdi.

Bu mesele 29-njy iýunda Aşgabat şäherinde geçirilen Hazarýaka ýurtlarynyň sammitiniň gün tertibinde iň derwaýys meseleleriň birine öwrüldi.Ekologiki betbagtçylygyň sebäplerini kesgitlemek we Hazar deňziniň mundan beýläk-de çuňlaşmagynyň öňüni almak üçin çäreleri kesgitlemek üçin taraplar ýörite hünärmen toparlaryny döretmek boýunça işleri dowam etdirmek barada ylalaşdylar.

Netijede, azerbaýjan tarapy ýylyň ahyrynda Baku şäherinde Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýa gatnaşyjylaryň 6-njy maslahatynyň geçiriljekdigini habar berdi.Bu resminama, hususan-da, Hazar ýurtlarynyň daşky gurşaw meselelerini çözmekde edýän tagallalaryny birleşdirmek üçin sebit hyzmatdaşlygy üçin kanuny esas döreder.

Ýene degişli makalalar

Ugandada 70 ýaşly zenan ekiz çaga dogurdy
Günorta koreýalylaryň diňe ýarysy nikalaşmaga taýýar
Gazagystan Türkmenistanyň üsti bilen ýük daşamalary artdyrar
Her bäşinji belgiýaly harytlary daşary ýurtdan satyn alýar
Gazagystanyň Türkmenistan we Özbegistan bilen serhetlerinde elektron nobat ulgamy ornaşdyrylar
Özbegistana gazagystanly jahankeşdeleriň 200 müňden gowragy bardy
Gazagystan Türkmenistan we Özbegistan bilen adatdan daşary ýagdaýlaryň ýatyrylmagy baradaky şertnamany tassyklady