Azerbaýjan Trasnkaspiý gaz geçiriji baradaky taslamany goldar, emma, inisiatiwany Türkmenistan etmeli

Azerbaýjan Trasnkaspiý gaz geçiriji baradaky taslamany goldar, emma, inisiatiwany Türkmenistan etmeli

Interfaksyň maglumatyna görä, Azerbaýjanyň prezidenti Ilham Aliýew eger Türkmenistanyň häkimiýetleri Transkaspiý gaz geçirijisi taslamany durmuşa geçirmegi çözse, ony goldamaga taýýardygyny aýtdy. Emma, Azerbaýjan inisiatiwaçy bolmaz.

Bu barada Azerbaýjan lideri Italýanyň “Il Sole 24 Ore” gazýeti bilen söhbetdeşliginde aýtdy.

Aliýewiň sözlerine görä, Transkaspiý gaz geçirijiniň gurluşygy barada 15 ýyllap gürrüň edilýär. Ýöne, iş ýüzünde taraplar onuň durmuşa geçirilmegi üçin hiç-hili ädimler ätmeýärler.

“Bu taslama Türkmenistanyň tebigy baýlyklaryna esaslanýar. Şonuň üçinde, eger Türkmenistanyň hökümeti gaz geçirijini gurmak kararyna gelse,biz ony gürrüňsiz suratda goldarys. Emma, biz inisiatiwaçy bolmarys” diýip Azerbaýjanyň prezidenti aýdýar.

“Men bular ýaly taslamanyň inisiatiwaçysynyň tranzit ýurt däl-de, tebigy baýlyklaryň eýeleriniň bolýandygyny aýtmak isleýärin.Tranzit ýurtlar territoriýa bilen üpjün edip, tranzit tölegler barada karar kabul edip,diňe olary goldap biler” diýen Aliýew häzir Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň Hazardaky “Dostlyk” gaz ýatagy barada däl-de, esasan, nebit ýataklaryny özleşdirmek babatda işler alyp barýandyklaryny sözüne goşdy.The post Azerbaýjan Trasnkaspiý gaz geçiriji baradaky taslamany goldar, emma, inisiatiwany Türkmenistan etmeli first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Türki döwletlerde başdan geçirlen soňky wakalar
Daşary ýurt dili Türkmenistanyň orta mekdepleriniň uçurymlary üçin hökmany synag boldy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy ýene 13 çaganyň operasiýasyny goldady we beýleki habarlar
29 ýyldan soň UEFA-nyň 3 ýaryşynda-da italýan klublary finalda
“Ýuwentus” soňky demde hasaby deňledi
ÝÇL-iň ähli ýarym finalçylary belli boldy
“Fondital” kompaniýasy ýokary hilli ýyladyş enjamlary hödürleýär
Aşgabatda türkmen-tatar işewürlik maslahaty geçiriler, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi 15 ýyllygyny bellär, Daşoguzda 7 sany köpgatly ýaşaýyş jaýy gurlar we beýleki habarlar