Aziýanyň kubogy ― 2023-iň üçünji saýlama tapgyryna badalga berilýär

Aziýanyň kubogy ― 2023-iň üçünji saýlama tapgyryna badalga berilýär

Şu gün alty döwletde geçirilýän duşuşyklar bilen futbol boýunça 2023-nji ýylda geçiriljek Aziýanyň kubogynyň üçünji saýlama tapgyryna badalga berler.

Kuweýtde geçiriljek A toparçada şu gün Kuweýt ― Indoneziýa, Iordaniýa ― Nepal duşuşyklary geçiriler. Mongoliýada geçirilýän B toparçanyň duşuşyklarynda bolsa Filippinler Ýemen bilen, Palestina bolsa ýer eýeleri ― Mongoliýanyň ýygyndysy bilen duşuşar.

Futbol boýunça ýaşlar ýygyndylarynyň arasyndaky yklym ýaryşyny hem kabul edýän Özbegistan ulularyň arasyndaky saýlama ýaryşyň C toparçasyndaky duşuşyklary-da kabul etdi. Şu gün ýerli ýygyndy Şri-Lanka, Tailand bolsa Maldiwler bilen duşuşar. D toparçanyň duşuşyklary Hindistanda geçiriler. Şu günki duşuşyklarda Gonkong bilen Owganystan, Hindistan bilen Kambojiýa güýç synanyşar.

Duşuşyklary Malaýziýada geçiriljek E toparça Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň hem wekilçilik edýändigini ýatladýarys. Şu gün türkmen ýygyndysy Malaýziýanyň, Bahreýn bolsa Bangladeşiň ýygyndysy bilen duşuşar.

F toparçanyň duşuşyklaryny Gyrgyzystan kabul edýär. Şu gün Bişkek şäherindäki Dolen Ömruzakow adyndaky stadionda ilki Täjigistan ― Mýanma, soňra-da, Gyrgyzystan ― Singapur duşuşyklary geçiriler.

Ýene degişli makalalar

“E” toparçada Türkmenistanyň ýygyndysynyň soňky bäsdeşi hem belli boldy
Futbol boýunça zenanlar ýygyndy toparymyzyň ýaryşdaky bäsdeşleri belli boldy
Türkmenistanyň futbol boýunça zenanlar ýygyndysy 12-nji ýanwarda Pariž ― 2024-iň saýlama tapgyryndaky garşydaşlaryny biler
Özbegistanyň prezidenti: Eýran ŞHG-ä goşulýar
Grodno döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Türkmenistandan 67 talyp bilim alýar
Iň az nika bozulýan ýurtlar belli boldy
Maldiw adalaryna gezelenç