Iň az nika bozulýan ýurtlar belli boldy

Iň az nika bozulýan ýurtlar belli boldy

Her ýyl ABŞ-da takmynan 4-5 million adam nika baglaşýar diýip, Habar 24 ýazýar. Olaryň ýarysy netijede nikanyň bozulmagy bilen tamamlanýar. Esasy sebäpleriň biri-de maliýe meseleleridir.

Iň köp aýrylyşýanlaryň ýurdy Maldiwler döwletidir, ýurt bu ugurda 2020-nji ýylda rekord goýdy diýip, World Population Review atly bütindünýä ilat ýazuwy edarasy habar berdi. Maldiwlerde her 1 müň adama bäş nikanyň bozulmagy degişlidir. Munuň sebäbi nikanyň mukaddesliginiň alga alynmaýanlygydyr, ýurtda nikany bozmak baglaşmak ýaly aňsat.

Belarusda hem soňky ýyllarda nika bozulmalaryň artýandygyndan ynjalyksyzlanýarlar. Mysal üçin, 2020-nji ýylda bu görkeziji tas 70 göterime golaýlady. Kazyýet tejribesi nikany bozmak babatda ýüz tutýanlaryň, esasan, aýallardygyny habar berýär.

Iň az aýrylyşýan raýatly ýurtlaryň başyny Şri-Lanka çekýär. Bu ýerde her 1müň adamyň 0,15 göterimi nikasyny bozýar. Onuň yzysüre Wýetnam we Gwatemala gelýär. Munuň sebäbi bagtly we berk maşgalalaryň köplügi bilen däl-de, aýrylyşmagy resmileşdirmegiň kyndygy bilen baglydyr.

Ýene degişli makalalar

Maldiw adalaryna gezelenç
Grodno döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Türkmenistandan 67 talyp bilim alýar
Aşgabatda Türkmenistanyň täze raýatlaryna pasgortlar gowşuryldy, Türkmenistanyň Gazagystandaky täze konsuly wezipä bellenildi, Serdar Berdimuhamedow Igor Babuşkini kabul etdi we beýleki habarlar
“E” toparçada Türkmenistanyň ýygyndysynyň soňky bäsdeşi hem belli boldy
Türkmensitanyň futzal ýygyndysy eýranly futzalçylardan utuldy
Wengriýadan diplomat BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň başlygy saýlandy