Wengriýadan diplomat BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň başlygy saýlandy

Wengriýadan diplomat BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň başlygy saýlandy

BMG-niň Baş Assambleýasy Wengriýadan diplomat we syýasatçy Çaba Kerýoşini 77-nji sessiýasynyň başlygy wezipesine ses bermezden biragyzdan saýlady. Ol özüniň çykyşynda raýdaşlyga, ekologiki çemeleşmelere we ylma bil baglap, global meseleleriň çözgüdini tapmaga wada berdi. BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bu maksady goldap, öňümizdäki aýlaryň halkara ulgamy üçin synag boljakdygyny belledi diýip, BMG-niň saýty habar berýär.

1958-nji ýylda doglan wengriýaly diplomat Çaba Kerýoşi Moskwanyň döwlet halkara gatnaşyklary institutynyň uçurymydyr. Ol Wengriýanyň BMG-däki hemişelik wekili bolup işledi. Ol diplomat hökmünde Liwiýada, Birleşen Arap Emirliklerinde, Ysraýylda we Gresiýada işledi. Häzirki wagtda ol öz ýurdunyň prezidentiniň ofisinde ekologiýa durnuklylygy departamentiniň müdiri bolup işleýär. Kerýoşi iňlis, arap, fransuz we rus dillerini bilýär.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň başlygy hökmünde Wengriýanyň wekili häzirki wagtda bu wezipäni eýeleýän Maldiwleriň DIM-niň ýolbaşçysy Abdulla Şahidiň ornuny çalşar. BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş wezipesinden gidýän Şahide minnetdarlyk bildirip, Çaba Kerýoşini BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň başlygy wezipesine saýlanmagy bilen gutlady.

Guterriş Çaba Kerýoşini gutlamak bilen, häzirki wagtda “dünýäniň howp astyndadygyny” belledi. Ol dünýäniň konstruktiw maslahatlaşma, ylalaşyk gazanmaga we, ilkinji nobatda, çözgütleriň kabul edilmegine garaşýandygyny belledi.

Ol has gowy dünýäni gurmak wadasyny ýada salmaga çagyrdy. “Bu 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ugrunda gün tertibiniň wadasy we biziň umumy gün tertibimiziň esasy ugry”.

Baş Assambleýa parahatçylyk we howpsuzlyk, ösüş, garyplygy we ýokanç keselleri ýok etmek, ýaragsyzlanmak, adam hukuklaryny we daşky gurşawy goramak meselelerine jogapkär ýeke-täk uniwersal edaradyr. 1946-njy ýylyň başynda Baş Assambleýanyň düzümine 51 döwlet girýärdi, häzir olaryň sany 193-e ýetdi.

Baş Assambleýanyň 77-nji sessiýasy 12-nji sentýabrda açylar. Şol gün Çaba Kerýoşi onuň başlygy hökmünde öz wezipe borçlaryny ýerine ýetirmäge girişer.

Ýene degişli makalalar

Dünýä ýurtlary Russiýada guralan terrorçylykly hüjümi ýazgarýarlar
Russiýada guralan terrorçylykly hüjüm ýazgarylýar
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny doglan güni bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidentiniň Dubaýa iş sapary dowam edýär
Dubaýda Bütindünýä howa Sammitiniň açylyş dabarasy boldy
Dubaýda Bütindünýä howa sammiti açyldy
Dubaýda Bütindünýä howa Sammitiniň açylyş dabarasy boldy