Özbegistanyň prezidenti: Eýran ŞHG-ä goşulýar

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Eýran Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynda (ŞHG) borçnama baradaky memorandumyna gol çeker diýdi.

-Açyklyk ýörelgelerine berk ygrarlylygy sebäpli ŞHG-ä agza ýurtlaryň arasynda özara peýdaly gatnaşyklar güýçlenýär, halkara hyzmatdaşlygy üstünlikli ösýär we agzalyk giňelýär diýip, Mirziýoýew aýtdy.

Onuň sözlerine görä, 16-njy sentýabrda Eýranyň guramanyň doly agzasy hökmünde borçlary barada memoranduma gol çekiler. Mundan başga-da, ŞHG-niň agzasy statusyny Belarusa bermek tertibi başlaýar.

-Müsür Arap Respublikasyna we Katar döwletine dialog boýunça hyzmatdaşlarynyň statusyny bermek baradaky memoranduma gol çekilmegini goldaýarys.Bahreýn, Maldiwler, Kuweýt, BAE we Mýanma hem gepleşik boýunça hyzmatdaşlar statusyny alar.

Mundan başga-da, Belarus Respublikasyna ŞHG-niň doly agzasy statusyny bermek tertibine başlaýarys – diýip Mirziýoýew aýtdy. ŞHG 2001-nji ýylda döredilen halkara guramadyr.Oňa gatnaşyjylar Hindistan, Gazagystan, Hytaý, Gyrgyzystan, Russiýa, Täjigistan, Pakistan we Özbegistan. ŞHG-niň synçy ýurtlary Owganystan, Belarus, Eýran we Mongoliýa, hyzmatdaş ýurtlary Azerbaýjan, Ermenistan, Kamboja, Nepal, Türkiýe we Şri-Lanka.

Ýene degişli makalalar

Eýran ŞHG-niň agzasy bolar
Ministr Eýranyň iýulda ŞHG-iň agzasy boljakdygyny habar berdi
Gepleşik boýunça hyzmatdaşy derejesine eýe boldy
Eýran iýulda ŞHG-iň agzasy bolar
Türkmenistanyň Prezidenti ŞHG-niň sammitine gatnaşdy
Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Maslahaty Hindistanda Geçirler
Türkmenistanyň ŞHG-niň sammitine gatnaşmagyna garaşylýar