Türkmenistanyň Prezidenti ŞHG-niň sammitine gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti ŞHG-niň sammitine gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 4-nji iýulynda sanly ulgam arkaly geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) agza ýurtlarynyň Döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşdy. Bu barada Russiýanyň Prezidentiniň resmi metbugat gullugy habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, mejlis Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modiniň ýolbaşçylygynda geçirildi.

Şeýle hem duşuşyga Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Hytaýyň Başlygy Si Szinpin, Pakistanyň Premýer-ministri Şehbaz Şarif, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdylar.

Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisi we Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh ŞHG-a synçy ýurtlaryň Döwlet Baştutanlary hökmünde mejlise gatnaşmaga çagyryldylar.

Mejlisiň dowamynda taraplar guramanyň işini kämilleşdirmek, guramanyň çägindäki strategiki hyzmatdaşlygy berkitmek, Nýu-Deli Jarnamasynyň taslamasy, dürli ugurlar boýunça döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak we ŞHG-a agza ýurtlaryň bilelikdäki işleriniň birnäçe möhüm wezipeleri barada pikir alyşdylar.

ŞHG-niň sammiti iň soňky gezek 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçirildi.Sammitiň netijeleri boýunça Belarusy ŞHG-niň doly ygtyýarly agzasy hökmünde kabul etmek prosesi başlandy. Şeýle hem, Eýran bu gurama goşulmak barada ähtnama gol çekdi.

Müsür we Katar bolsa bu gurama hyzmatdaş ýurtlar hökmünde kabul edildi.Mundan başga-da, Bahreýn, Kuweýt, Maldiw Adalary, Mýanma we BAE bu statusy almak üçin prosese başlady.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti ŞHG-niň sammitine gatnaşdy
Eýran ŞHG-niň agzasy bolar
Eýran ŞHG-niň doly agzasy boldy
Serdar Berdimuhamedow ŞHG-a agza döwletleriň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
ŞHG-ä agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň 23-nji mejlisi geçirildi
Özara bähbitli, köpugurly hyzmatdaşlyk giňeldilýär