Türkmenistanyň Prezidenti ŞHG-niň sammitine gatnaşdy

Ozal habar berşimiz ýaly, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň 23-nji maslahaty Hindistanda onlaýn ýagdaýda geçirildi. Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modiniň başlyklyk etmeginde geçirilýän onlaýn sammite Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.

Bu onlaýn sammite Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, HHR-iň Başlygy Si Szinpin, Pakistanyň Premýer-ministri Şehbaz Şarif, Täjigistan Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdy.

Şeýle hem bu sammite gurama synçy hökmünde gatnaşýan ýurtlaryň döwlet Baştutanlary Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisi we Mongoliýanyň Prezidenti Uhnagiýn Hurelsuh gatnaşdy.

Mundan başga-da, bu sammite köp sanly halkara guramalaryň we sebit guramalaryň ýolbaşçylary gatnaşdy.

Bu barada “Reuters” agentligi habar berýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti ŞHG-niň sammitine gatnaşdy
Özara bähbitli, köpugurly hyzmatdaşlyk giňeldilýär
ŞHG-ä agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň 23-nji mejlisi geçirildi
Eýran ŞHG-niň doly agzasy boldy
Eýran ŞHG-niň agzasy bolar
Serdar Berdimuhamedow ŞHG-a agza döwletleriň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy