ŞHG-ä agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň 23-nji mejlisi geçirildi

ŞHG-ä agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň 23-nji mejlisi geçirildi

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün sanly ulgam arkaly Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň 23-nji mejlisi geçirildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow sammite hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň Liderleriniň bu duşuşygynda guramanyň geçen ýylda alyp baran işleriniň jemleri jemlenildi, işiň ileri tutulýan esasy ugurlary kesgitlenildi, beýleki döwletler we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk, sebit we ählumumy gün tertibiniň has möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, şu ýyl Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynda başlyklyk edýän Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modi Geňeşiň mejlisi başlanmazdan ozal belent mertebeli myhmanlary mähirli mübärekläp, sammite gatnaşyjylara söz berdi.

Şu gezekki sammit Howpsuz ŞHG ýolunda (Towards a SECURE SCO) mowzugy boýunça geçýär.Iňlisçe SECURE diýen gysgaldylan adalgany ŞHG-niň 2018-nji ýylda geçirilen ýokary derejeli duşuşygynda Narendra Modi teklip edipdi. Şunda S harpy raýatlaryň howpsuzlygyny (security for citizens), E ykdysady ösüşi (economic development), C sebit gatnaşyklaryny (connectivity in the region), U agzybirligi (unity), R döwlet Garaşsyzlygyna we çäk bitewüligine hormat goýmagy (respect of sovereignty and integrity), E harpy bolsa daşky gurşawy goramak (environment protection) diýmegi aňladýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow sammitde çuň many-mazmunly çykyş etdi. Çykyşynyň barşynda sammite gatnaşýan döwletleriň Baştutanlaryna, wekiliýetleriň ýolbaşçylaryna we agzalaryna ýüzlenip, Premýer-ministr Narendra Modä şu möhüm mejlise hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga çakylygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewi Gazagystan Respublikasynyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna başlyklygy kabul etmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, dostlukly ýurduň ŞHG-de başlyklyk etjek döwründe ähli başlangyçlarynda üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem Prezident Serdar Berdimuhamedow Prezident Seýed Ebrahim Raisini Eýran Yslam Respublikasynyň ŞHG-ä agzalyga kabul edilmegi, Prezident Aleksandr Lukaşenkony bolsa Belarus Respublikasynyň gurama doly hukukly agza döwletiň derejesini almagy baradaky çözgüdiň kabul edilmegi bilen gutlap, olara täze görnüşdäki hyzmatdaşlygyň çäklerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow bu foruma gatnaşmagyň Türkmenistana, onuň alyp barýan netijeli daşary syýasatyna bildirilýän uly hormatyň nyşanydygyny, özara bähbitli, köpugurly hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerine düşünişmegiň hem-de olary durmuşa geçirmäge taýýarlygyň güwäsidigini belledi.

Çykyşda Türkmenistanyň ŞHG bilen gatnaşyklarynyň ösdürilmeginiň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly ösüşi, dünýä we sebit işlerine ýurduň gatnaşmagynyň umumy ugry bilen utgaşýandygy nygtaldy. Şeýle-de Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ykdysady, maýa goýum, ulag, energetika we beýleki ugurlarda öňe sürýän başlangyçlaryna Türkmenistanyň uly gyzyklanma bilen garaýandygy, bu başlangyçlary durmuşa geçirmäge ýurduň özara bähbitli, uzak möhletleýin esasda gatnaşmagynyň oňat mümkinçiliklerini görýändigi aýdyldy.

Sebit we halkara meseleleriň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşmalaryň barşynda mejlise gatnaşyjylar guramanyň ýurtlarynyň arasynda döwlet özygtyýarlylygyna, milli gymmatlyklara hem-de birek-biregiň bähbitlerine hormat goýmak esasynda bilelikdäki hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň ähmiýeti baradaky pikiri biragyzdan beýan etdiler. Şunuň bilen birlikde, syýasatda, ykdysadyýetde, medeni-ynsanperwer, beýleki ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Sammitiň jemleri boýunça Nýu-Deli Jarnamasy we beýleki birnäçe resminamalar kabul edildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti ŞHG-niň sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti ŞHG-niň sammitine gatnaşdy
Serdar Berdimuhamedow ŞHG-a agza döwletleriň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
Eýran ŞHG-niň agzasy bolar
Özara bähbitli, köpugurly hyzmatdaşlyk giňeldilýär
Eýran ŞHG-niň doly agzasy boldy