Aziýanyň wekili Klublaryň arasyndaky dünýä çempionatynda finala çykdy

Aziýanyň wekili Klublaryň arasyndaky dünýä çempionatynda finala çykdy

19-njy gezek geçirilýän Klublaryň arasyndaky dünýä çempionatynda birinji finalçy belli boldy. Ýarym finalda Braziliýanyň Flamengo toparyny 3:2 hasabynda ýeňlişe sezewar eden Saud Arabystanynyň Al-Hilal kluby ýaryşyň finalynda oýnamaga hukuk gazandy.

Aziýanyň wekiline ýeňiş getiren gollaryň ikisini 4-nji we 45-nji minutlarda 11 metrlik jerime urgularyny dürs ýerine ýetiren Selim al Dosari, üçünjisini bolsa 70-nji minutda Lusian Wetto öz adyna ýazdyrdy.

Flamengonyň jogap gollarynyň ikisine hem Pedro (4, 90+1) awtorlyk etdi.

Al-Hilal ýaryşyň finalynda Al-Ahli (Müsür) — Real (Ispaniýa) jübütiniň ýeňijisine garşy meýdança çykar. Ýarym finalyň ikinji oýny şu gün 23:59-da başlanar.

Ýeri gelende bellesek, Al-Hilal Klublaryň arasyndaky dünýä çempionatynda finala çykan Aziýanyň üçünji wekili boldy. Mundan ozal BAE-niň Al-Aýn (2016) we Ýaponiýanyň Kaşima Antlers (2018) toparlary ýaryşda finala çykmagy başardylar. Gyzykly tarapy, bu toparlaryň ikisi hem ýaryşyň finalynda Realdan ýeňlişe sezewar boldular.

Ýene degişli makalalar

“Liwerpul” Dünýä Kubogynyň eýesi
Dünýä Kubogynyň finaly: “Liwerpul”“Flamengo”
Futbol boýunça klublaryň arasyndaky dünýä çempionatyna 32 topar gatnaşar
Al-Nasryň baş tälimçisi wezipesinden boşadyldy
17-nji noýabr
Horge Žesus 2-nji gezek Benfikanyň tälimçisi boldy