BAE-de soňky 75 ýylda iň köp derejede ygal düşdi

BAE-de soňky 75 ýylda iň köp derejede ygal düşdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Milli meteorologiýa gullugy soňky 75 ýylda iň köp derejedäki ygaly hasaba aldy. Bu barada Emirligiň Hökümetiniň metbugat gullugyna salgylanýan Report.az habar berdi.

Habara görä, Abu-Dabi emirliginiň gündogaryndaky El-Aýn şäherinde 24 sagatdan hem az wagtyň dowamynda 254,8 mm ygal düşdi.

Munuň özi Dubaýa bir günde ýedi aýlyk möçberdäki ygalyň ýagandygyny aňladýar diýip, M24.ru ýazýar. Netijede, dörän sil suwy howa menzilini, köçeleri, otelleri we öýleri gark etdi. Dubaýyň Halkara howa menzili howa şertleri gowulaşýança, uçar gatnawlaryny togtatdy. Gatnawlaryň 45-si ýatyryldy. Sebäbi çabga ýagyşlary uçuş zolagyny tutuşlygyna gark etdi.

Dubaýyň howa menzili uçuşlaryň 18-nji aprelde dikeldiljekdigini habar berdi diýip, Ren.tv ýazýar.

Dubaýda howa howplulygynyň mämişi derejesi yglan edildi. Adamlara öýlerinde galmak, penjireleri ýapmak we hiç ýerä çykmazlyk maslahat berildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda täze utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň gurluşygyna badalga berildi, Türkmen howa ýollary Aşgabat Abu-Dabi ugry boýunça uçuşlary amala aşyrar, Aşgabatda gazak şahyrynyň ýadygärligi peýda bolar we beýleki habarlar
Russiýanyň S7 Airlines awiakompaniýasy Türkmenistana yzygiderli gatnawlary dikelder
S7 Türkmenistana uçar gatnawlaryny dikeldýär
Türkmenistan 1-nji oktýabrdan Belarusa yzygiderli howa gatnawlaryny dikelder
Awazada ulag ugurly halkara forum geçirildi
Özbegistandan Russiýa awtobus gatnawlary gaýtadan dikeldilýär