BAE: "Ilkinji ynsanperwer kömek kerweni Gazanyň demirgazygyna bardy" diýdi

BAE: "Ilkinji ynsanperwer kömek kerweni Gazanyň demirgazygyna bardy" diýdi

BAE-niň Goranmak ministrliginiň Umumy operasiýalar serkerdeliginden berilen ýazmaça beýanatda: "BAE-niň 17 ýük ulagyndan ybarat ilkinji ynsanperwer kömek kerweni Gazanyň demirgazygyna baryp ýetdi" diýip mälim edildi.

Beýanatda 370 tonnadan gowrak ynsanperwer kömek daşaýan ulag kerweniniň düzüminde azyk önümleriniň, lukmançylyk serişdeleriniň we egin-eşikleriň we şeýle hem bosgunlara gerek bolan gurallaryň we enjamlaryň bardygy aýan edildi.

Beýanatda mundan başgada bir ýurduň araçylyk etmegi üçin Gazanyň demiragzygyna ynsanperwer kömekleriň ilkinji gezek gury ýerden girendigi bellendi.

Beýleki tarapdan Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, BAE-niň Müsüriň Harby-howa güýçleri bilen hyzmatdaşlyk etmeginde Gaza zolagynyň demiragazygyndaky sebitlere 29-njy gezek ynsanperwer kömegiň gondurylandygy habar berildi.

Ýene degişli makalalar

Ysraýyl Eýrana garşylyk görkeziljekdigini aýtdy
Ysraýylyň guran hüjüminde Hamasyň Syýasy býurosynyň başlygynyň çagalary we agtyklary ýogaldy
Rus goşunynyň Ukraina garşy hüjümleri dowam edýär
Russiýanyň Ukrainadaky hüjümleri dowam edýär
Italiýa raýatlaryna Ukraina bilen bagly çagyryş berdi
Akar: "Edilen her bir ädim Türkiyäniň güýjüni alamatlandyrýar" diýdi