Rus goşunynyň Ukraina garşy hüjümleri dowam edýär

Rus goşunynyň Ukraina garşy hüjümleri dowam edýär

Kiýew şäheriniň Harby edarasyndan berilen ýazmaça beýanatda, Russiýanyň goşunynyň maý aýynda paýtagta garşy 9 aýry howa we raketa hüjümlerini gurandygy bellenip: "Maý aýynyň başyndan bäri paýtagta garşy yzly-yzyna 9 aýry gezek howa hüjümlerini gurady.

Bu gezek hüjüm Hazar sebitinden strategik bombalaýjy uçarlar bolan Tu-95MS we Tu-160 tarapyndan, X-101/555 kysymly ganatly raketalar bilen amala aşyryldy" diýip habar berildi.

Russiýanyň harby güýçleriniň hüjümde şeýle hem uçarmansyz howa ulaglaryny ulanandygy bellenen beýanatda, deslapky maglumatlara görä ähli nyşanalaryň Ukrainanyň howa goranyş güýçleri tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirilendigi mälim edildi.

Howada täsirsiz ýagdaýa getirilen raketalaryň bölekleriniň Kiýew şäheriniň Desnýanskiý we Darnytskiý etrapçalaryna gaçmagy netijesinde ýangynyň bolandygy bellenen beýanatda: "Raketalaryň we uçarmansyz howa ulaglarynyň kysymlary we sany bilen baglanşykly gutarnykly maglumatlar ýakyn wagtda Harby-howa güýçler tarapyndan aýan ediler" diýip habar berildi.

Beýleki tarapdan Ukrainanyň Daşary işler ministri Dmitro Kuleba, Hytaýyň Ýewraziýa işlerinden jogapkär ýörite wekili Li Hui bilen geçiren duşuşygynda Ukrainanyň söweşi doňdurmagyny öz içine alýan hiç bir teklibi kabul etmejekdigini beýan etdi.

Ukrainanyň Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, ministr Kulebanyň 16-17-nji maý aralygynda Ukrainanyň paýtagty Kiýew şäherinde saparda bolan Li Hui bilen duşuşyk geçirendigi mälim edildi.

Beýanatda: "Kuleba Ukrainanyň territoriýasyny ýitirmegini ýa-da söweşi doňdurmagy öz içine alýan hiç bir teklibi kabul etmejekdigini belledi" diýip habar berildi.

Ýene degişli makalalar

Ukraina: "Russiýa Kiýewe ballistik raketalar bilen hüjüm gurady" diýdi
Russiýa Ukraina uçarmansyz howa ulaglary bilen hüjüm gurady
Russiýa Ukrainanyň Harkow şäherine hüjüm gurady
ABŞ Ukraina Hawk howa goranyş ulgamyny satar
BAE: "Ilkinji ynsanperwer kömek kerweni Gazanyň demirgazygyna bardy" diýdi
Ysraýyl Eýrana garşylyk görkeziljekdigini aýtdy
Yragyň demirgazygynda PKK-a agza 5 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi