Ukraina: "Russiýa Kiýewe ballistik raketalar bilen hüjüm gurady" diýdi

Ukraina: "Russiýa Kiýewe ballistik raketalar bilen hüjüm gurady" diýdi

Ukrainanyň Harby-howa güýçleri serkerdeliginden berilen beýanatda, Russiýanyň Ukrainanyň topragyna düýn gije "Şahed" kysymly uçarmansyz howa ulaglary we şu gün irden bolsa ballistik raketalar bilen hüjüm gurandygy habar berildi.

18 sany rus uçarmansyz howa ulagynyň anyklanandygy mälim edilen beýanatda, aglabasy Nikolaýew sebitinde bolmak bilen uçarmansyz howa ulagynyň ählisiniň ýok edilendigi mälim edildi.

Beýanatda ýerli wagt bilen sagat 04:00-da rus goşunynyň Kiýew sebitine 8 ballistik raketalar bilen hüjüm gurandygyny, raketalaryň ählisiniň Ukraina degişli zenit raketalar bilen Kiýewiň golaýynda täsirsiz ýagdaýa getirilendigi aýan edildi.

Kiýew şäheriniň Harby edarasynyň başlygy Sergeý Popko edaranyň Telegram kanalyndan beren beýanatynda, täsirsiz ýagdaýa getirilen raketalaryň bölekleriniň Kiýewiň Darnitsa etrabyna gaçmagy netijesinde 4 adamyň ýaralanandygyny, öýlere zeper ýetendigini habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Russiýa Ukraina uçarmansyz howa ulaglary bilen hüjüm gurady
Russiýa Ukrainanyň Harkow şäherine hüjüm gurady
ABŞ Ukraina Hawk howa goranyş ulgamyny satar
Ukrainada aşa sowuk howa sebäpli 10 adam ýogaldy
Russiýanyň Ukraina garşy guraýan hüjümleri dowam edýär
Wladimir Zelenskiý "Ukraina 2024-nji ýyl" forumynda çykyş etdi