Russiýa Ukraina uçarmansyz howa ulaglary bilen hüjüm gurady

Russiýa Ukraina uçarmansyz howa ulaglary bilen hüjüm gurady

Ukrainanyň Harby-howa güýçleri serkerdeliginden berilen beýanatda, Russiýanyň gije Krym we Krasnodar sebitlerinden Ukrainanyň territoriýasyna 46 sany "Şahed" kysymly uçarmansyz howa ulaglary bilen hüjüm gurandygyny mälim etdi.

Howa goranyşynyň Nikolaýew, Odessa, Herson, Dneproterowsk, Winnisa, Zaparožýe, Hmelniskiý we Kriwograd sebitlerinde iş alyp barýandygy bellenen beýanatda, jemi 46 rus uçarmansyz howa ulagynyň anyklanandygy, şolaryň 32-siniň ýok edilendigi aýan edildi.

Beýanatda täsirsiz ýagdaýa getirilip bilinmedik uçarmansyz howa ulaglarynyň aglabasynyň Herson sebiti bilen birlikde front liniýasynyň ýerleşýän sebitleri nyşana alandygy habar berildi.

2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, Ukrainanyň basylyp alynmagy barada buýruk beripdi, şeýlelik bilen Russiýa-Ukraina uruşy başlapdy.

Putin Kiýewiň NATO agza bolmagynyň öňüni almak we ony Russiýanyň täsiri astynda saklamak üçin ýurdyň ýaragsyzlandyrylmagyny we nasistlerden arassalanmagyny maksat edinýändigini öňe sürüpdi.

Ýene degişli makalalar

Ukraina Russiýa degişli desant gämisine reketalar bilen hüjüm gurady
Ukraina bilen Russiýanyň arasyndaky uruş dowam edýär
Russiýa-Ukraina uruşy dowam edýär
Russiýa Ukraina degişli birikmeleriň Kryma girmek synanyşynyň öňüniň alynandygyny habar berdi
Ukraina: "Russiýa Kiýewe ballistik raketalar bilen hüjüm gurady" diýdi
BAE: "Ilkinji ynsanperwer kömek kerweni Gazanyň demirgazygyna bardy" diýdi