“Baldan süýji balalar”

“Baldan süýji balalar”

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli “Baldan süýji balalar” ady bilen çeper okaýyş geçirildi. Çärede 1-nji iýunda çagalary goramagyň halkara güni bolup Bütindünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde Çagalary goramagyň halkara güni bagtyýarlyk baýramy hökmünde bellenilip geçilýändiginiň we eziz çagalarymyzyň, mähriban ýaşlarymyzyň Watanymyzyň geljegidiginiň aýdyň mysalydyr. Çaga-durmuşyň güli, şonuň geljegiň, dowamatyň, durmuşyň, ýaşaýşyň manysy şol güle baglydygyny hem-de çagalar dünýämiziň, ýaşaýşymyzyň iň uly şatlygydyr.

Türkmenistan bagtyýar çagalaryň ýurdudygyny şonuň bilen bir hatarda çagalaryň pähim-paýhasyna sarpa goýýan, giň dünýägaraýyşly, sabyr-kanagatly, dogruçyl, tutanýerli, Watanyna, hormatly Prezidentimize wepaly şahsyýetler edip ýetişdirmek her bir ata-enäniň, mugallymlaryň, terbiýe bilen iş salyşýan adamyň mukaddes borjudygy barada gürrüň edildi. Çäräniň dowamynda okalan goşgularyň üsti bilen bagtyýar çagalyk döwrüni açyp görkezýän kitap sergisi gurnaldy we çagalara gyzykly ertekiler okap berildi. Çäräniň ahyrynda hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, belent başynyň aman bolmagyny, işleriniň rowaç almagyny arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

Owazasy dünýä dolan bedewler
Magtymgulynyň eserleri eýýamlara şamçyrag
Dana Pyragynyň eserleri bütin adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr
Gujagy ýeňişden doly, gadamy batly Täze ýyl! atly baýramçylyk dabarasy geçirildi
Magtymgulynyň döredijiligi ruhy dünýämiziň hazynasy ady bilen göçme kitap sergisi geçirildi
Ýaşlar ligasy ― 2023: 1-nji tapgyryň duşuşyklary geçirildi
Ysraýyl Türkmenistanda Medeniýet günlerini geçirmäge gyzyklanma bildirýär