Balkan zawody gämi gurluşyklarynda Niderlandlaryň birnäçe kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy maksat edinýär

Balkan zawody gämi gurluşyklarynda Niderlandlaryň birnäçe kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy maksat edinýär

Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň baş direktorynyň orunbasarynyň Niderlandlar Patyşalygyna iş saparynyň çäginde, deňziň düýbüni çuňaldyjy gämilerini, läbik sorujylary öňdebaryjy öndürijisi bolan De Klop B.V.-iň paýdarlary bilen duşuşyk geçirdi.

Habarda bellenilişi ýaly, duşuşyk Slidreht şäherinde ýerleşýän Baggermuseum muzeýinde geçdi. Duşuşykda Balkan zawody we De Klop B.V. arasynda Türkmenistanyň çäginde lokalizasiýa, bilelikdäki gurluşyk hem-de deňziň düýbüni çuňaldyjy gämileri taslamaşdyrmak ugurlary babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekligiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen tarapy deňziň düýbüni çuňaldyjy gämileri bilelikdäki gurulmagyna, Türkmenistanyň aýratynlyklary göz öňünde tutulyp, deňziň düýbüni çuňaldyjy gämileri taslamalaşdyrmak, şeýle hem, Balkan zawodynda deňziň düýbüni çuňaldyjy gämileriniň esasy enjamlarynydyr mehanizmlerini abatlamak boýunça zawodyň hünärmenleriniň tejribesini artdyrmak üçin, ýörite okuwlaryň geçirilmegine gyzyklanma bildirdi.

De Klop B.V.-njiň paýdarlary bu gyzyklanmany höwes bilen goldadylar we deňziň düýbüni çuňaldyjy gämileri gurmagyň, abatlamagyň ähli ugurlarynda bilelikde işlemäge taýýardyklaryny mälim etdiler. Taraplar tehniki we täjirçilik tekliplerini taýýarlamak, deňziň düýbüni çuňaldyjy gämileriň taslamalaşdyrylmagy, gurluşygy babatda tejribe alyşmak, şeýle hem, türkmen hünärmenleri üçin okuw guramaklyga taýýarlygy barada mälim etdiler.

Adaty deňziň düýbüni çuňaldyjy gämilerden başga-da, De Klop B.V. elektrik togunda işleýän deňziň düýbüni çuňaldyjy gämileriniň taslamalary bilen hem tanyşdyrdy.

De Klop B.V.-niň paýdarlary türkmen hünärmenleri üçin diňe tehniki taýdan däl, eýsem operasion treninglaryna taýýardyklaryny mälim etdiler. Bu bolsa, olaryň hünär derejelerini hem-de başarnyklaryny ýokarlanmagyna kömek eder.

De Klop B.V.-niň paýdarlary bilen geçirilen duşuşykdan başga-da, Balkan zawodynyň Baş direktorynyň orunbasary Dredge Yard B.V.we Dredging Service Europe kompaniýalaryň wekilleri bilen gepleşikleri geçirdi.

Bu kompaniýalaryň wekilleri Hazar deňzinde, şeýle hem Türkmenistanyň içerki suwlarynda deňziň düýbüni çuňaldyjy işlerine gatnaşmaga gyzyklanma bildirdiler.Taraplar deňziň düýbüni çuňaltmak işleri we bu işleriň dowamynda häzirki zaman tehnologiýalaryny we enjamlaryny ulanmak babatdaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Bu duşuşyklar Türkmenistanyň uly maýa goýum mümkinçilikleriniň bardygyny, gämi gurluşygy we deňziň düýbüni çuňaltmak pudagy boýunça dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ünsüni özüne çekýändigini görkezýär. Bu kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyk Türkmenistana gämi gurluşyk pudagyny döwrebaplaşdyrmaga, hünärmenleriň hünär derejeleriniň ýokarlandyrmagyna we deňziň düýbüni çuňaldyjy işleriniň hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.

Ozal habar berşimiz ýaly, Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody Damen Shipyards Group kompaniýasynyň inženerleriniň gözegçiligi astynda Damen CSD 650 kysymly deňziň düýbüni çuňaldyjy gämisini ýygnap başlar.

Ýene degişli makalalar

О встречах делегации Туркменистана с бизнес-кругами Франции
Jeff Bezos Amazon-yň baş direktory wezipesinden gitdi
TURKMENISTAN AND UNOPS: NEW LANDMARKS OF COOPERATION FOR THE ATTAINMENT OF THE SUSTAINABLE DEVELOPMENT GOALS
Dünýä habarlary gysga setirlerde
Jeff Bezos 5-nji iýulda Amazon-yň baş direktory wezipesinden gider
Türkmen-rus söwda dolanyşygy $1 milliarda golaýlady.