Jeff Bezos Amazon-yň baş direktory wezipesinden gitdi

Jeff Bezos Amazon-yň baş direktory wezipesinden gitdi

Amazon kompaniýasyny esaslandyryjy Jeff Bezos korporasiýanyň baş direktory wezipesinden gitdi. Onuň ornuny Endi Jessi eýeledi. Kompaniýanyň döredilen gününden şu wagta çenli Jessi korporasiýanyň web-serwisine ýolbaşçylyk etdi diýlip, kompaniýanyň saýtynda habar berilýär. Muny www.bfm.ru ýetirýär.

Jessiden soň Amazon Web Services-iň ýolbaşçysy Adam Selipski boldy.Bezos wezipesinden 5-nji iýulda gitmek kararyna geldi, sebäbi Amazon kompaniýasy 1994-nji ýylyň hut şol gününde esaslandyrylypdy.

Bezos dogry 27 ýyl Amazon-yň baş direktory boldy.Bezos özüniň wezipeden gitmegini beýleki taslamalara köp üns bermek isleýändigi bilen düşündirdi.Olaryň arasynda Blue Origin aerokosmos kompaniýasy hem bar.

Häzir milliarder New Shepard gämisinde kosmosa uçuşa taýýarlanmagyny dowam etdirýär.Mundan başga-da, ol kitap dükanyny açmagy, Earth Fund we Day 1 gaznalaryny, şeýle-de “The Washington Post” gazetini ösdürmegi meýilleşdirýär.

Bezos 2013-nji ýyldan bäri bu gazetiň neşirýatçysydyr.

Ýene degişli makalalar

Bernar Arno dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyny çekdi
Mask dünýäniň iň baý adamlaryň sanawyndaky ornuny gaýdyp aldy
“Amazon”-yň täze hyzmatlary
Bezos milliarderleriň sanawynda Arnodan öňe geçdi
Mask bilen Bezosyň maliýe emlägi ABŞ-nyň Maliýe ministrliginiň serişdelerinden köp
Mask ýene-de dünýäniň iň baý adamy boldy
Mask ýene-de baý boldy