Dünýä habarlary gysga setirlerde

/* custom css */ .td_uid_19_60b96f3fd9c76_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_19_60b96f3fd9c76_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; } Türkmenistandaky iň iri gurluşyk we hojalyk harytlarynyň söwda merkezler toplumy 575555 / 575757 / 575705 Jeff Bezosyň karary.

Amazon-yň baş direktory Jeff Bezos kompaniýanyň paýdarlarynyň ýyllyk ýygnagynda 5-nji iýulda işinden çekiljekdigini mälim etdi.Ol bu senäniň özi üçin diýseň möhümdigini, sebäbi 27 ýyl mundan ozal, 1994-nji ýylda Amazon-yň düýbüni tutandygyny aýtdy.

Kompaniýanyň täze ýolbaşçysynyň Amazon Web Services-iň baş direktory Andy Jesse boljakdygy habar berilýär.Bezos bolsa kompaniýanyň ýerine ýetiriji başlygy wezipesinde işlär.Jeff Bezosyň baýlygy 177 milliard dollar diýlip çaklanylýar. Üç çaga rugsat berildi.

Hytaýda her maşgalada üç çaga bolmagyna rugsat bermek kararyna gelindi.Häkimiýetleriň pikiriçe, şeýle möhüm karar ýurtdaky demografiki ýagdaýy gowulaşdyrmaga kömek eder. 1970-nji ýyllarda birnäçe kadadan çykmalar bilen maşgalalara diňe bir çaga rugsat berildi.

Birnäçe ýyl ozal ilkinji çagasy gyz bolsa, ikinji çaga edinmäge rugsat berildi. 2016-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda ähli hytaý maşgalalaryna iki çaga edinmäge rugsat berýän kanun güýje girdi. 2020-nji ýylyň ahyrynda HHR-iň ilaty 1,41 milliard adama deň boldy.

Nýu-Ýorkda emeli ada açyldy.Nýu-Ýorkda Gudzon derýasynyň üstünde dikilen demir-beton sütünleriň üstünde gurlan emeli kiçijik ada açyldy.Emeli ada 130-dan gowrak güle çalym edýän çogdamlaryň üstünde oturdyldy.

Adanyň meýdany 10 müň inedördül metr.Onda seýilgäh, dynç alyş üçin çemenlik we amfiteatr bar. Şeýle hem bu ýerde Brodweý teatrlarynyň aktýorlarynyň gatnaşmagynda konsertleriň guralmagy meýilleşdirilýär.Adanyň gurluşygyna 2018-nji ýylda başlanypdy.

Hokkeýçiniň kartoçkasy satyldy. 1979/80-nji möwsümiň meşhur hokkeýçisi Ueýn Gretskiniň suraty şekillendirilen kartoçka satyldy.Onuň bahasy 3,75 million dollara deň bolup, bu hokkeý kartoçkalarynyň arasynda rekord derejedir.

Alyjylar bu kartoçka üçin Heritage auksionynda bäsleşdiler.Hokkeýçiniň kartoçkasy üçin öňki rekord 2020-nji ýylyň dekabrynda goýuldy. Şol döwürde Ueýn Gretskiniň kartoçkasy Heritage auksionynda 1,29 million dollara satylypdy.

Ueýn Gretskiý NHL taryhynyň iň beýik hokkeýçilerinden biridir.Ol ýanwar aýynda 60 ýaşady.Suratkeşler we ekologiýa.Berlin muzeýi ekologiýa meselelerine bagyşlanan sergä çagyrýar.Bu sergide geçen asyryň 60-njy ýyllaryndan häzirki günlere çenli döwri öz içine alýan suratkeşleriň eserleri bar.

Guramaçylaryň pikiriçe, ekologiýa we daşky gurşawy goramak bilen baglanyşykly meseleler baradaky täze düşünjeler 70 ýyl mundan ozal döräpdi we muny bu ýerdäki sungat eserlerinde görmek bolýar. Şeýle hem käbir meseleleriň ähmiýeti baradaky pikirleriň üýtgemegine gözegçilik etmek bolýar.

Sergi 7-nji noýabra çenli dowam eder.Orbital stansiýa üçin enjamlar.Hytaýyň Týançžou-2 ýük kosmiki gämisi geljekki kosmos stansiýasynyň esasy moduly bilen üstünlikli birikdi.Bu ýük enjamy Týanhe üç tonna ýangyç we beýleki zerur abzallary eltdi. 29-njy aprelde işe girizilen Týanhe moduly HHR-iň iň uly kosmos taslamasydyr. 2022-nji ýylda tamamlanmagy meýilleşdirilýän toplumyň azyndan 10 ýyl orbitada işlejekdigi we halkara ekspedisiýalaryny kabul etjekdigi çak edilýär.

Baltika deňzi bilen birleşer.Polşanyň Wislin zolagyny Baltika deňzi bilen birleşdirjek kanalyň gurluşygyna dowam etdirilmegi maksat edinýär.Baltika aýlagynyň Polşa degişli böleginiň deňiz bilen birikdirilmegi gämileriň suw ýoly arkaly halkara deňizlere çykmagyna mümkinçilik berer.

Gurluşyk meýdançasyna eden sapary wagtynda Prezident Anjeý Duda kanalyň gurluşygynyň strategik ähmiýete eýedigine ünsi çekip, Bu Polşanyň özygtyýarlylygyny, garaşsyzlygyny we erkinligini berkitjek maýa goýumdyr diýip belledi.

Ýene degişli makalalar

Teýlor Swift ilkinji gezek milliarderleriň sanawyna girdi
Ilkinji portugaliýaly kosmosa çykar
Dünýäniň üçünji baý adamy yglan edildi
Gurply işewürleriň sanawyna giren ilkinji aziýaly
Bezosdan öňe geçdi: Hindi milliarderi dünýäniň iň baý ikinji adamy boldy
Jeff Bezos dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda ikinji orny ýitirdi
Forbes: Ilon Mask iň baý amerikalylaryň sanawynda birinji