Bezosdan öňe geçdi: Hindi milliarderi dünýäniň iň baý ikinji adamy boldy

Şu ýylyň başynda hindi işewüri Gautam Adaniniň sanawda 14-nji orunda durandygy habar berildi, ýöne şu hepde onuň iň uly kompaniýasynyň paýnamalary rekord derejä çykdy. Şeýlelikde, hindi işewüri amerikaly Jeff Bezosdan öňe geçdi, ýöne Ilon Maskdan henizem asgyn gelýär.

Gawutam Adani sanawda şeýle orny gazanan Aziýanyň ilkinji wekili boldy. Onuň kompaniýalary deňiz, howa gatnawy, şäherleri gaz bilen üpjün etmek we kömür gazyp almak bilen meşgullanýar.

“Bloomberg”-iň habaryna görä, häzirki wagtda Ilon Mask (264 milliard dollar), Gautam Adani (147 milliard dollar), Jeff Bezos (147 milliard dollar), Bernar Arno (138 milliard dollar) we Bill Geýts (112 milliard dollar) dünýäniň iň baý bäş adamy bolup durýar.

Ýene degişli makalalar

Bezos milliarderleriň sanawynda Arnodan öňe geçdi
“Bloomberg”: dünýäniň 500 baýy
Üç ýyl bäri yzygiderli baý
Mask bilen Bezosyň maliýe emlägi ABŞ-nyň Maliýe ministrliginiň serişdelerinden köp
Mask ýene-de baý boldy
Mask ýene-de dünýäniň iň baý adamy boldy
Bernar Arno dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyny çekdi