Dünýäniň üçünji baý adamy yglan edildi

Dünýäniň üçünji baý adamy yglan edildi

Adani Group hindi konglomeratyny esaslandyryjy we başlygy Gautam Adani dünýäniň iň baý adamlarynyň ilkinji üçlügine girdi.Ondan ýokarky hatarlarda diňe Tesla kompaniýasynyň baş direktory Ilon Mask we Blue Origin aerokosmiki kompaniýanyň eýesi Jeff Bezos ýerleşdi diýip, Bloomberg habar berdi.

Hindistanly çig mal treýderiniň emlägi häzir 137,4 milliard amerikan dollary bahalanýar, bu Louis Vuitton, Moët, Hennessy kompaniýalar toparynyň prezidenti, fransuz işewüri Bernar Arnonyň emläginden 1,5 milliard köpdür.

Bernar Arno mundan öň sanawda üçünji ýeri eýeleýärdi, indi onuň ornuna ilkinji aziýaly telekeçi Adani geçdi.

Sanawda birinji orundaky Ilon Maskyň maliýe emlägi 251,4 milliard, ikinji orundaky Bezosyň emlägi 153,4 milliard dollar bahalanýar.

Ýene degişli makalalar

Bezos milliarderleriň sanawynda Arnodan öňe geçdi
Bernar Arno dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyny çekdi
Mask ýene-de dünýäniň iň baý adamy boldy
Mask bilen Bezosyň maliýe emlägi ABŞ-nyň Maliýe ministrliginiň serişdelerinden köp
Mask dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynyň başyny çekdi
“Bloomberg”: dünýäniň 500 baýy
Dünýäniň iň baý adamlary ýylyň başyndan bäri 115 milliard dollar ýitgi çekdiler