Balkanyň hassahanalarynda şepagat uýalarynyň işini "arassaçylyk işgärleri ýerine ýetirýär"

Balkanyň hassahanalarynda şepagat uýalarynyň işini "arassaçylyk işgärleri ýerine ýetirýär"

Balkan welaýatynyň hassahanalary saglyk işgärleriniň ýiti ýetmezçiligini başdan geçirýär diýip, Azatlyk Radiosynyň sebitiň lukmançylyk edaralaryndaky ygtybarly çeşmeleri habar berýärler.

Olaryň tassyklamagyna görä, üç aý bäri dowam edýän problemanyň soňky hepdelerde has-da ýitileşmegi netijesinde, hassahanalarda şepagat uýalarynyň ýerine ýetirýän işlerini arassaçylyk işgärleri berjaý edip başladylar.

“Şu günler hassahanalarda medisina ugrundaky hiç hili bilimi bolmadyk sanitar tämizçi bolup işleýän işgärleri sanjym işlerini we beýleki ýazuw, hasap-hesip işlerini ýerine ýetirýärler. Bular hassahanalaryň baş lukmanlarynyň tabşyrygy esasynda amal edilýär” diýip, çeşmämiz 23-nji aprelde beren maglumatynda belledi.

Çeşmelerimiz muňa sebit hassahanalarynda medisina boýunça ýokary bilimi bolan saglyk işgärleriniň ýetmezçiliginiň sebäp bolýandygyny aýdýarlar.

Bu ýagdaýlara Balkanabat şäherindäki welaýat hassahanasynda, Tiz kömek merkezinde, ýokanç we inçekeselleri hassahanalarynda, onkologiýa welaýat hassahanasynda duş gelse bolýar.

“Türkmenbaşynyň köp ugurly täze hassahanasynda, saglyk öýlerinde we Awaza şypahanasynda hem şu ýagdaýlar gaýtalanýar” diýip, çeşmämiz belledi.

Azatlygyň ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada agzalýan lukmançylyk edaralaryndan we welaýat saglygy saklaýyş bölüminden telefon arkaly teswir almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.

Şeýle-de, redaksiýa bu tejribäniň näsaglaryň saglygyna, bejergisine ýetirýän ýa-da ýetirmegi mümkin täsirlerini hem häzirlikçe anyklap bilmedi.

Ýöne çeşmelerimiz sebitde saglyk işgärleriniň gytçylygynyň emele gelmegine, ýurtda aýlyk haklarynyň juda az, harytlaryň we hyzmatlaryň juda gymmat bolmagynyň arasynda, Türkmenistany terk edýän lukmanlaryň we şepagat uýalarynyň sanynyň görlüp-eşidilmedik derejede köpelmeginiň sebäp bolýandygyny aýdýarlar.

“Häzir Balkanda kimi görseň, Germaniýa, Polşa, Slowakiýa işlemäge ýa-da ýaşamagyň gitmegiň aladasynda. Özüni oňarýanlar Kanada, ABŞ-a işlemäge ýa-da ýaşamaga gitmek üçin resminamalary toplamagyň, wiza almagyň aladasynda. Bu gidişinde dowam etse, Türkmenistanda adam galarmyka diýen pikir döreýär. Muny biometriki pasport almak üçin migrasiýa edaralaryndaky nobatlaryň iki ýyldan aşmagy hem tassyk edýär” diýip, çeşmämiz belledi.

Galyberse-de, çeşmelerimiz ýurtda lukmançylyk orta okuw mekdeplerini tamamlap, hassahanalara işe girmek üçin soralýan parany tapyp bilmän, işsiz ýören şepagat uýalarynyň sanynyň hem az däldigini aýdýarlar.

“Bu ýagdaýlar, sebitde ozal hem o diýen öwerlikli bolmadyk saglyk hyzmatlarynyň has-da pese gaçmagyna getirýär” diýip, çeşmämiz belledi.

Türkmenistanyň saglyk pudagy, Azatlygyň habarçylarynyň berýän maglumatlaryna görä, soňky onýyllyklarda juda peseldi. Muňa ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda, öz hünärini bilýän lukmanlaryň köpüsiniň işlemek ýa-da ýaşamak üçin daşary ýurtlara gitmegi, şeýle-de, bilim we saglyk pudagynda “giň ýaýran parahorluk” sebäp boldy.

Soňky iki onýyllygyň dowamynda Türkmenistanda bahasy millionlarça amerikan dollaryna barabar bolan lukmançylyk merkezleriniň onlarçasy guruldy.

Ýöne raýatlar täze lukmançylyk merkezlerindäki hyzmatlaryň bahalarynyň köpler üçin elýeterli däldigini, olaryň hiliniň pesligini, olarda hem öz hünärini bilýän hünärmenleriň azdygyny, olaryň enjamlary doly güýjünde işledip bilmeýändigini, näsaglara ýalňyş diagnoz goýulmagy ýaly wakalaryň bolýandygyny aýdyp gelýärler.

Mundan iki hepde çemesi ozal Lebap welaýatyndaky habarçymyz soňky aýlarda Kerki etrabynda göwreli aýallaryň çaga dogurmak üçin ýüzlerçe kilometr ýol aşyp, welaýat merkezi Türkmenabat şäherindäki lukmançylyk merkezlerine gitmegi bilen bagly wakalaryň göz-görtele köpelendigini habar berdi. Şonda ýerli ýaşaýjylar munuň sebäbini göwreli zenanlaryň öz ýaşaýan sebitinde kadaly lukmançylyk kömegini alyp bilmeýändigi, sebitde öz hünärini bilýän lukmanlaryň azlygy bilen düşündirdiler.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri bu ýagdaýlar barada maglumat bermeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Balkanabatda, Türkmenbaşyda ýazgyda durmadyk sürüjiler işden kowulýar
Balkanly býujet işgärlerinden ýeralma tohumy üçin pul ýygnalýar
Çaý Eksportundan 25 Million 388 Müň 621 Dollarlyk Girdeji Gazanyldy
“Ferenswaroşyň” garaşylmadyk ýeňlişi we Çerçesow wezipesinden boşadyldy
Çempionlar Ligasynyň 1-nji saýlama tapgyrynyň 1-nji oýunlary
Türkmenistanyň hokkeý ýygyndysy IIHF-niň reýtinginde üç basgançak ýokary galdy