"Barselona" futbol klubynyň stadionynyň birinji sapar adyny üýtgedýärler

"Barselona" futbol klubynyň stadionynyň birinji sapar adyny üýtgedýärler

"Barselona" ispan futbol klubynyň "Kamp Nou" stadiony, Spotify sazly internet-serwis bilen ylalaşyk baglaşylandan soň, başgaça atlandyrylar. Bu barada klubyň metbugat gullugy habar berýär.

"Barselona" sişenbe güni Spotify bilen şertnama baglaşandygyny mälim etdi.Ylalaşyk, 2022/23 möwsüminden başlap, dört ýyl hereket eder.Brendiň ady aýal we erkek toparlaryň oýun futbolkalarynda peýda bolar. Şeýle hem ylalaşyk "Barselonanyň" "Kamp Nou" stadionynyň adyny üýtgetmegi hem göz öňünde tutýar, ol klubyň täze hemaýatkäriniň adyny göterer, ýagny "Spotifaý Kamp Nou" diýip atlandyrylar.

Stadionyň birinji sapar adyny üýtgedişi. "Kamp Nou" 1957-nji ýylda salyndy, ol 99 354 adam üçin niýetlenen.Spotify saz kompozisiýalaryny, audiokitaplary we podkastlary, olary gurluşa ýükläp almazdan, diňlemäge mümkinçilik berýän striming serwis hasaplanýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan ýadro howpsuzlygy boýunça halkara konwensiýalara goşuldy, Maryda sanly telefon ulgamy we GPON-a esaslanýan internet işjeň ornaşdyrylýar hem-de beýleki habarlar
Şu gije “Premier Liganyň”, “La Liganyň”, “Ligue 1”-iň täze möwsümi başlaýar
Köpetdag stadiony dünýäniň iň gowy 100 stadionynyň sanawyna girizildi
Barselona öz stadionynyň adyny üýtgetdi
Maradona. Messi. Mundial
Ispaniýa we Portugaliýa DÇ 2030 üçin stadionlary bellediler
Pike karýerasyny tamamlaýandygyny mälim etdi