Barselona Lewandowskiniň tanyşdyrylyş dabarasyny näbelli möhlete süýşürdi

Barselona Lewandowskiniň tanyşdyrylyş dabarasyny näbelli möhlete süýşürdi

Ispaniýanyň "Barselona" futbol klubunyň täze oýunçysy Robert Lewandowskiniň tanyşdyrylyş dabarasy yza süýşürildi diýip, Marca sport gazeti habar berýär.

Ol hepdäniň sişenbe güni geçirilmelidi, täze bellenen senesi heniz näbelli.Polşaly hüjümçi eýýäm lukmançylyk barlagyndan geçdi, emma toparyň ABŞ-da boljak "Inter Maýami" futbol klubyna garşy ýoldaşlyk duşuşygynyň öňýanyndaky açyk türgenleşiklerine gatnaşmady.

Ozal Lewandowski Mýunheniň "Bawariýa"-syndan çykmak kararyna gelipdi we 16-njy iýulda onuň "Barselona" bilen şertnama gol çekişendigi mälim boldy. 33 ýaşly Lewandowski FIFA-nyň wersiýasy boýunça 2021-nji ýylyň iň oňat oýunçysy (The Best Men s Player) adyny aldy.

Oýunçy "Bawariýa"-nyň düzüminde sekiz gezek Germaniýanyň çempiony boldy, Çempionlar ligasyny (2020), UEFA-nyň Superkubogyny (2019-20) we dünýäniň klublararasy çempionatyny (2020) utdy.

Ýene degişli makalalar

Messi, Mbappe, Benzema FIFA-da ýylyň futbolçysy kim bolar, dalaşgärler mälim edildi
Barselona Robert Lewandowskini tanyşdyrdy
“FIFA The Best” baýraklarynyň dalaşgärleri mälim edildi
ÝÇL-iň 1/8 final tapgyrynyň deslapky oýnunda Napoli Barselona bilen deň oýnady
Belgiýanyň Brýuggesi taryhynda ilkinji gezek UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň pleý-off tapgyryna çykdy
Dünýäniň iň köp girdeji gazanýan futbolçylarynyň reýtinginde lider üýtgedi