ÝÇL-iň 1/8 final tapgyrynyň deslapky oýnunda Napoli Barselona bilen deň oýnady

ÝÇL-iň 1/8 final tapgyrynyň deslapky oýnunda Napoli Barselona bilen deň oýnady

UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň 1/8 final tapgyrynyň deslapky oýnunda Italiýanyň Napoli kluby öz öýünde Ispaniýanyň Barselonasyny kabul etdi. Duşuşyk 1:1 hasabyndaky deňlikde tamamlandy.

Duşuşykda hasap 60-njy minutda myhmanlaryň hüjümçisi Robert Lewandowski tarapyndan açyldy. 75-nji minutda bolsa Napoliniň hüjümçisi Wiktor Osimhen hasaby deňledi.

Günüň beýleki gapma-garşylygynda Portugaliýanyň Portu topary öz meýdançasynda Londonyň Arsenalyny 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Bu jübütleriň arasyndaky jogap oýunlary 12-nji martda Barselona we London şäherlerinde geçiriler.

Ýeri gelende bellesek, turniriň häzirki çempiony Mançester Siti hasaplanýar. Ýaryşyň bu ýylky finaly 1-nji iýunda London şäherindäki Uembli stadionynda geçiriler.

Ýene degişli makalalar

16 duşuşyk 48 gol
Goal-a görä, Messi Alty pökgä iň ýakyn futbolçy
Goal Çempionlar ligasynda çempion bolup biljek toparlaryň reýtingini düzdi
“FIFA The Best” baýraklarynyň dalaşgärleri mälim edildi
255-nji resmi “El Klasiko”
Hawi möwsümiň ahyrynda Barselonadan gider