Hawi möwsümiň ahyrynda Barselonadan gider

Hawi möwsümiň ahyrynda Barselonadan gider

Ispaniýaly tälimçi Hawi Ernandes 2023/2024 futbol möwsüminiň ahyrynda Barselona toparyndan gitjekdigini mälim etdi. Bu barada ol metbugat maslahatynyň dowamynda belläp geçdi diýip, TASS agentligi habar berýär.

Tälimçi beýle karara Barselonanyň birnäçe şowsuz oýnundan soň geldi. 27-nji ýanwarda topar Ispaniýanyň çempionlyk oýnunda öz meýdançasynda Willarreal toparyndan (3:5) ýeňildi. 24-nji ýanwarda katalonlylar Ispaniýanyň kubogynyň çärýek finalynda Atletik Bilbaodan asgyn geldiler (2:4). 14-nji ýanwarda hem Barselona Ispaniýanyň Super kubogynyň soňky oýnunda Madridiň Realyndan ýeňlişe sezewar boldy (1:4).

Barselona häzirki wagtda 21 tapgyrdan soň 44 utuk bilen Ispaniýanyň çempionatynda dördünji orunda barýar. Katalon topary öňdebaryjy Žironadan 11 utuk yzda. Barselona Çempionlar ligasyndaky oýunlaryny dowam etdirýär. Bu ýaryşyň 1/8 final tapgyrynda Barselonanyň garşydaşy Italiýanyň Napolisi bolar.

44 ýaşly Hawi 2021-nji ýylyň noýabr aýynda Barselonanyň başyna geçdi. Onuň tälimçiliginde topar Ispaniýanyň çempiony we 2023-nji ýylda ýurduň Super kubogynyň eýesi boldy. Hawi katalon toparynda işlemezinden ozal, 2019 — 2021-nji ýyllarda Kataryň Al-Sadd toparyna tälim berdi.

Hawi Barselonanyň futbol akademiýasynda ýetişip, 1998-nji ýyldan 2015-nji ýyla çenli bu toparyň esasy düzüminde oýnady.Ol gök-gyzyllar bilen 8 gezek Ispaniýanyň çempionlygyny, 3 gezek Ispaniýanyň kubogyny hem-de 4 gezek Çempionlar ligasynyň kubogyny gazandy.

Hawi Barselonanyň köýnekçesinde 767 gezek meýdana çykyp, 85 gol geçirdi we 185 ýardam pasyny berdi.Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 2010-njy ýylda dünýäniň çempiony, iki gezek Ýewropanyň çempiony we 2000-nji ýylda Sidneýde geçirilen Olimpiýa oýunlarynda kümüş medal gazandy.

Ýene degişli makalalar

AFK-nyň Çempionlar ligasy ― 2021-iň bije çekilişigi üçin sebetler düzüldi
Ertir AFK-nyň Çempionlar ligasynda saýlama duşuşyklar geçiriler
Uilýams Ýewropanyň top-5 çempionatlarynda XXI asyryň rekordyny goýdy
Messiniň doganoglany toparyny ýokary liga çykardy
“Real Madridde” ýene bir ýyldyz oýunçy şikes aldy
Ukrainaly futbolçylaryň täze klublary