Uilýams Ýewropanyň top-5 çempionatlarynda XXI asyryň rekordyny goýdy

Uilýams Ýewropanyň top-5 çempionatlarynda XXI asyryň rekordyny goýdy

Ispaniýanyň La Ligasynyň 13-nji tapgyrynda Bilbaonyň Atletik kluby myhmançylykda Žironadan 2:1 hasabynda asgyn geldi.Gyzykly tarapy, myhmanlaryň düzüminde esasy düzümde meýdança çykan Inýaki Uilýams Ýewropanyň top-5 ligalarynyň XXI asyrdaky rekordyny goýdy.

Has takygy, 28 ýaşly hüjümçi La Liganyň oýunlarynda bassyr 246-njy gezek duşuşyga gatnaşdy.Bu netije XXI asyrdaky ýa-da soňky 25 ýyldaky top-5-likde bassyr oýunlara gatnaşmak boýunça iň uzyn seriýadyr.

Mundan ozal, Manfred Binz 1987-1994-nji ýyllaryň aralygynda Aýntrahtyň lybasynda Germaniýanyň çempionatynyň bassyr 246 oýnunda meýdança çykypdy.

Şeýlelikde, Uilýams indiki tapgyrda hem Atletik toparynyň düzüminde La Liganyň oýnuna gatnaşsa, bu babatda absolýut rekordy öz adyna ýazdyrar.

Ýene degişli makalalar

Hawi möwsümiň ahyrynda Barselonadan gider
Messiniň doganoglany toparyny ýokary liga çykardy
Top-5 çempionatlarynyň düýnki oýunlary barada gysgaça
Dünýäde iň köp girdeji gazanýan zenan türgenleriň sanawy düzüldi
40 ýaşly Uilýams tennise dolanmakçy
Hemilton bilen Serena Uilýams “Çelsini” satyn almak taslamasyna maýa goýdular