“Barselonany” ilkinji gezek ýeňip, täzeden 1-nji orna çykdy

Ispaniýanyň çempionaty “La Ligada” sanawyň lideri üýtgedi.Myhmançylykda Kataluniýa derbisinde soňky çempion “Barselonany” 4-2 hasabynda ýeňen “Žirona” topary 1-nji orna geçdi. Çekeleşikli geçen oýunda myhmanlar 12-nji mkinutda Dowbygyň goly bilen 1-0 öňe saýlandy. 19-njy minutda Lewandowski hasaby deňlese-de, “Žirona” topary 1-nji ýarym tamamlanmanka Migel Gutierresiň goly bilen ýene öňe geçmegi başardy. 80-nji minutda Waleri Fernandes aratapawudy 2 gola çykardy. 90+2-nji minutdaky Gündoganyň goly bilen hasaby deňlemäge ymtylan “Barselonanyň” bar umydyny weteran hüjümçi Stuani 90+5-nji minutda puja çykardy. Şunlukda, “Žirona” topary “Barselonany taryhynda ilkinji gezek ýeňlişe sezewar etdi.

“Real Madrid” myhmançylykda “Betis” bilen 1-1 oýnapdy we olar 2-nji orunda barýarlar.

Ýene degişli makalalar

“Real Madridmi” ýa-da “Barselona” “La Liganyň” täze möwsümi başlanýar
Top-5 çempionatlarynyň düýnki oýunlary barada gysgaça
Žoao Feliks öňki toparyny gynandyrdy
Altyň biri aşaky liga düşer
“La Ligada” “Žironanyň” liderligi dowam edýär
6-njy maý Türkmenistanyň esasy habarlary