Batareýa önümçiligi üçin hyzmatdaşlyk eder

Dürli brendli awtoulaglary öndürýän “Volkswagen” topary batareýa öndürýän “PowerCo” hem-de Belgiýanyň “Umicore” şereketleri bilen umumy bahasy 3 milliard dollar bolan hyzmatdaşlyk ylalaşygyna gol çekdi.Hyzmatdaşlygyň çäklerinde elektroulag batareýalarynyň önümçiligi üçin çig mal öndüriler.

Munuň üçin jemi 3 milliard ýewro maýa goýum goýberiler. Ýene-de on ýyldan her ýylda 2,2 million elektroulag üçin batareýa çig maly öndüriler. “PowerCo” kompaniýasy bolsa, 2025-nji ýyldan başlap, Ýewropadaky batareýa zawodlaryny çig mal bilen üpjün edip başlar.Batareýa önümçiligi üçin gerek bolan litiý, kobalt, nikel we manganes ýaly çig mallar dünýäniň dürli ýurtlaryndan üpjün ediler. Şeýle hem batareýalar üçin gerek bolan katotyň önümçiligi “Umicore”-yň Polşadaky zawodynda öndüriler. Şeýle hem kompaniýalar ulanyş möhleti tamamlanan batareýalaryň gaýtadan peýdalanmagy üçin hem hyzmatdaşlyk ederler.“Volkswagen”-iň 2030-njy ýyla çenli Ýewropadaky satuwynyň 70 göterimini dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglar emele getirer.

Altyn Jumaýewa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby

Ýene degişli makalalar

Özbegistanyň Prezidentiniň Saud Arabystanyna Sapary
Standart USB4 2.0 80 Gbit/s-e cenli geçiriş ukybyna eýe bolar
Afrikanyň iň täsirli üç ýurdunyň biri
Dünýäniň iň batly sesli telefony
Afrikanyň iň täsirli üç ýurdunyň biri
Microsoft Office-iň ady Microsoft 365 diýip üýtgediler