Dünýäniň iň batly sesli telefony

Berk telefonlary öndürmegi bilen tanalýan “Ulefone” kompaniýasy iň atly sesli telefonyny tanyşdyrdy. “Power Armor 16 Pro” atly telefonyň yzynda aşa uly ses gataldyjy bolup, sesiniň derejesi 122 dB-e barabar.

Bu sesiň dikuçaryň sesinden gatydygy mälim edildi.Bu telefon diňe aýdym-saz diňlemek üçin däl, eýsem uzak aralykdan gyssagly ýagdaýda üns çekmek üçin hem peýdaly bolar.“Android 12” amaly ulgamynda işleýän telefonyň ululygy 5,93 dýuým.

Telefon diňe batly sesli bolman, eýsem urga we suwa çydamly bolmagy bilen hem tapawutlanýar.Telefonyň bahasynyň 300-400 dollar aralygynda bolmagyna garaşylýar.

Süleýman Annasopyýew, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby

Ýene degişli makalalar

Özbegistanyň Prezidentiniň Saud Arabystanyna Sapary
Standart USB4 2.0 80 Gbit/s-e cenli geçiriş ukybyna eýe bolar
Afrikanyň iň täsirli üç ýurdunyň biri
Afrikanyň iň täsirli üç ýurdunyň biri
Batareýa önümçiligi üçin hyzmatdaşlyk eder
Microsoft Office-iň ady Microsoft 365 diýip üýtgediler