Batbörek: kim, haçan oýlap tapdy?

Batbörek näçe kiçi hem bolsa, onuň uzak taryhy bolup, irki döwürlerden bäri dürli maksatlar üçin ulanylypdyr.Ilkinji uçýan enjamyň hytaýlylar tarapyndan oýlanyp tapylandygy aýdylýar.Wagtyň geçmegi bilen batbörek Aziýa ýurtlaryndan Ýewropa, Amerika we Awstraliýa ýaýrapdyr.

Dürli döwürlerde batböregiň dürli görnüşleri peýda bolupdyr.Batbörek ylmy açyşlar etmek, meteorologiýa barlaglaryny geçirmek üçin hem peýdalanylypdyr. Ýel, basyş we howa akymy batbörek bilen ölçenipdir.Ilkinji uçary oýlap tapan doganlar Wraýtlar hem batbörekden peýdalanypdyrlar.

Oýlap tapyjylar ululygy 1,5 metre barabar bolan gutudan ýasalan iki ganatly uçar şekilli batböregi uçarlaryň howada nähili dolandyrylyp bilinjekdigini öwrenmek üçin peýdalanypdyrlar. Şeýlelikde, uçarlaryň ýasalmagynda batböregiň uly goşandy bolupdyr.Amerikaly alym Benžamin Franklin ýyldyrymda elektrik energiýasynyň bardygyny batbörek arkaly subut edipdir.Telefony oýlap tapan Aleksandr Graýam Bell hem ylmy açyşlary üçin bu enjamy ulanypdyr.Antarktikanyň gar bilen örtülen ýerlerinde sanileri çekmek üçin hem batbörek ulanylypdyr.

Gyzykly güýmenje.Tomus paslynyň dowam edýän şu günlerinde wagtymyzy has şadyýan we gyzykly geçirmek üçin dürli oýunlary oýnaýarys.Eýsem, siz batbörek uçuryp gördüňizmi?!Elbetde, tehnologiýanyň ösmegi bilen häzirki wagtda batbörek ylmy maksatlar üçin ulanylmaýar. Şeýle-de bolsa bu ýönekeý gural has köp güýmenje maksady bilen ulanylýar.

Hytaýda halkara batbörek festiwaly geçirilýär.Batböregi uçurmak üçin şemalyň öwüsmegine hem zerurlyk ýok. Ýeňil materialdan ýasalan batbörekler aňsatlyk bilen uçurylyp bilner.Batböregiň yzyndaky guýrujagy diňe owadanlyk üçin däl, eýsem, tizligini we deňagramlylygyny hem saklamaga ýardam edýär.

Has belende galýan batbörekleriň ýüpi inçe bolsa, eliňizi kesmegi mümkin. Şol sebäpli ellik geýilse gowy bolar.Agaçlyk ýa-da elektrik geçirijileriniň golaýynda batbörek uçurmakdan gaça duruň! Ýel turan wagty bu oýnawaçlar bilen oýnamaň!

Sebäbi ýyldyrym çaksa, howply bolup biler.Isleseňiz batböregiň taýýar görnüşini hem satyn alyp bilersiňiz ýa-da ony özüňiz hem ýasap bilersiňiz.

Bir elýaglygyň burçlaryny atanaklaýyn epleseňiz, batböregiň esasy bölegi emele geler.Benžamin Franklinuň dosty Peter Kollisona 1752-nji ýylda ýazan hatyndan.

Nädip ýasamaly?Ilki iki taýajygy şekildäki ýaly atanaklaýyn daňyp ýa-da çüýläp, birleşdiriň!Kagyzy ýere ýazyp, üstüne atanak görnüşli agajy ýerleşdiriň!Gapdallaryndan epin üçin 2 sm çemesi goýup, daşyny kesiň! Ýelim bilen kagyzy ýelimläň!

Ony skoç bilen has hem berkidiň!Iki gapdalyndan ýüp daňyň!Isleseňiz halka dakyp ýüpi şoňa hem daňyp bilersiňiz.Taýýar bolan oýnawajy uçurmak üçin size biriniň kömegi gerek bolar.

Siz batböregiň uzyn ýüpüniň ujundan tutup şemala tarap ylgamaly, ýoldaşyňyz bolsa, ony ýokary galdyryp, belli bir wagtdan soňra goýbermeli.Batböregiň ýasalyşy baradaky ilkinji maglumat hytaýly filosof Mo Diniň (Mo-szy, b.e.ö 470-391 ýý.) ýazgylarynda gabat gelýär.

Filosof tagta böleginden batbörek ýasamak üçin üç ýyl sarp edipdir.Ol ýüpekden we berk material bolan bambukdan peýdalanypdyr.Ilkinji hytaý batböreklerinde ýokary galdygysaýyn ýeliň güýjüne ses çykarýan görnüşleri hem bolupdyr.

Bu batbörekler hyýaly gahrymanlaryň şekili bilen bezelipdir.Ilkinji batbörekler tekiz we kwadrat şekilli bolupdyr.Häzirki wagtda bolsa, dürli şekilli, gabaraly batbörekler hem ýasalýar.Batbörekler güýmenje maksady bilen Aziýa ýurtlarynda has köp uçurylýar.

Ýene degişli makalalar

Makron: "Eýranda tussag edilen 2 fransuz azat edildi" diýdi
Transfer täzelikleri
“Blade Runner 2049”
Urugwaýly futbolçynyň 26-njy topary
Iň gymmat goragçy
Dünýä Kubogyna 54 gün galdy