
Arheologlar Bawariýada toýundan ýasalan gadymy heýkeljigi tapdylar, ol suwuň hudaý aýalyny ýatladýar. Ony biziň eýýamymyzdan öňki 8-5 asyrlar bilen senelediler diýip, Heritage Daily neşirine salgylanýan MIR24 habar berdi.
Adaty bolmadyk tapyndynyň Galştat döwrüniň harabalygynyň golaýynda gurluşyk işleri alnyp barylýarka üstünden baryldy. Galştat medeniýeti Ýewropanyň günbatar we merkezi sebitlerinde demir asyrynda giňden ýaýrapdyr.
Heýkeliň boýy 19 santimetr. Onuň aýaklary we göwresiniň öňki ýokary bölegi ýok. Kellesinde başgaby alamatlandyrýan birnäçe deşijekler bar.
Bawariýanyň ýadygärlikleri goramak boýunça döwlet edarasynyň ylmy- barlagçylary ýerli ýaşaýjylar heýkele suwuň taňrysy hökmünde çokunypdyrlar diýip hasaplaýarlar. Heýkeliň golaýyndan gadymy geçmişde çeşme bolandygyna güwä geçýän subutnamalaryň hem ele salynmagy bu pikiri tassyklaýar.