Berdimuhamedow “has täsirli sanjymlaryň” 1,5 million dozyny satyn almagy tabşyrdy

Berdimuhamedow “has täsirli sanjymlaryň” 1,5 million dozyny satyn almagy tabşyrdy

Berdimuhamedow 27-nji iýunda kesellere garşy göreş boýunça adatdan daşary komissiýanyň ýolbaşçylary bilen Covid-19 ýokanjyna garşy durmak barada maslahat geçirdi diýip, TDH döwlet habarlar gullugy mälim etdi.

Prezident häzirki döwürde dünýäde Covid-19 ýokanjynyň täze görnüşleri bilen kesellänleriň sanynyň artýandygyny belledi.Soňra saglygy saklaýyş ministri Nurmuhammet Amannepesow prezidente “has täsirli sanjymlary” satyn almak baradaky kararyň taslamasyny hödürledi.

Berdimuhamedow oňa gol goýdy we has täsirli sanjymlaryň täze 1,5 million dozyndan ybarat ätiýaç gaznasyny döredip gorlary doldurmagy buýurdy.

Şeýlede Berdimuhamedow şu günki gün Türkmenistanda koronawirus ýokanjy bilen keselläniň ýüze çykmandygyny ýatlatdy.

Soňra prezident “Awaza” milli syýahat zonasy mowzugyna geçip, MSZ dolandyryş merkeziniň işini güýçlendirmek maksady bilen onuň ýolbaşçylarynyň düzümini çalyşmagy karar edilendigini we keselleriň ýaýramagyna garşy göreş barada adatdan daşary toparyň täze düzümini tassyklady.

Ol “Türkmenistanda gury yklymyň bardygyny göz öňünde tutup, dynç alyş zonada” profilaktiki çäreleri amala aşyrmagy tabşyrdy: sosial aralygy saklamagy berjaý etmeli, ýüz örtgi we hususy arassaçylyk düzgünlerini ulanmaly, her gün deňiz suwunda we howada baktereologiýa derňew geçirmeli we Hazaryň epidomologiýa ýagdaýyna gözegçilik etmeli.

IIM-niň orunbasary, kesellere garşy göreş barada adatdan daşary komissiýanyň başlygynyň orunbasary Öwezdurdy Hojanyýazowa resmi rugsat alyp dynç almaga gelýänleriň şahsyýetini tassyklaýan resminamalary boýunça girişine gözegçiligi, gulluk awtoulaglaryny hususy ulag duralgalary bilen üpjün etmegi, dynç alyş zonasyna diňe ýörite ulaglaryň girmegi üçin rugsatnama bermegi tabşyrdy.

Şol günüň özünde kesellere garşy göreş boýunça adatdan daşary komissiýanyň maslahaty geçdi.

The post Berdimuhamedow “has täsirli sanjymlaryň” 1,5 million dozyny satyn almagy tabşyrdy first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Adatdan daşary komissiýanyň maslahatyndan soňra Aşgabatda maska dakylyşyna gözegçiligi güýçlendirdiler
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň täze içeri işler ministrini belledi
IIM-niň başlygy täzelenenden soň, ýol hereketine gözegçilik güýçlendirildi
Serdar Berdimuhamedow döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryny we IIM-niň başlygyny täzeledi
Türkmenistanyň içeri işler ministri wezipesinden boşadyldy
Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine täze ýolbaşçy bellenildi