Berdimuhamedow IIM Mämmethan Çakyýewi wezipesinden boşatdy

Berdimuhamedow IIM Mämmethan Çakyýewi wezipesinden boşatdy

Howpsuzlyk Geňeşiniň 1-nji iýulda geçen mejlisinde alty aýyň dowamynda hukuk goraýjy edaralaryň işleriniň netijeleri barada içeri işler ministri Mämmethan Çakyýew hasabat berdi diýip, TDH döwlet habarlar gullugy maglumat berdi.

Çakyýew hukuk goraýjy edaralaryň jemgyýetçilik tertip-düzgüni goramak, ýol-ulag heläkçilikleriniň öňüni almak we ýangyna garşy režimi üpjün etmek üçin görlen çäreler barada prezidente hasabat berdi.

Mundan soňra Berdimuhamedow Çakyýewi “başga işe geçýändigi sebäpli” wezipesinden boşatdy.

Prezidentiň ondan nämeüçin närzadygy ýa-da Çakyýewiň başga haýsy wezipä geçirilýändigi anyklaşdyrylmaýar.

Täze IIM wezipesine Çakyýewiň öňki birinji orunbasary Öwezdurdy Hojanyýazow bellendi.

Mämmethan Çaküýew IIM-ne 2019-njy ýylyň oktiýabryndan bäri iki ýyl çemesi ýolbaşçylyk etdi.

Ol öňki IIM Isgender Mülikowyň ýerine geçipdi. Mülikow wezipesinden boşadylyp,mejlisiň zalyndan çykarylypdy. Soňra ol uly möçberde para alanlykda aýyplanyp, tussag edildi.

Çakyýew ministr bolan döwründe ahyrky duýduryş bilen iki gezek berk käýinç alypdy.

Onuň ilkinjisi 2020-nji ýylyň sentiýabrynda, ikinjisi bolsa, bir aý mundan owal geçen iýunda berlipdi.

Olaryň ilkinjisi “işde goýberen düýpli kemçilikleri”,ikinjisi bolsa “jogap berýän gulluklaryna gözegçiligi gowşadandygy”üçin berilipdi.

Iýunda Çakyýewe käýinç berlende, IIM-niň orunbasary, podpolkownik Jumamyrat Nuraýew wezipesinden boşadylypdy.

Täze IIM Hojanyýazow barada aýdylanda, ol 2018-nji ýylyň ýanwarynda IIM-niň orunbasary bellenipdi.

Şu ýylyň 27-nji iýunynda Berdimuhamedow kesellere garşy göreş boýunça adatdan daşary komissiýanyň iki ýolbaşçysy bilen koronawirus ýokanjyna garşy göreş barada iş maslahatyny geçirdi.

Olaryň birisi saglyk ministri Nurmuhammet Annanepesow, ikinjisi bolsa, komissiýanyň başlygynyň hem orunbasary bolan Hojanyýazowdy.The post Berdimuhamedow IIM Mämmethan Çakyýewi wezipesinden boşatdy first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Türkmenistanyň Prezidenti saglygy goraýyş işgärleriniň 70-e golaýyny sylaglady
Aşgabadyň ýaşaýjylaryna ÝHD-ni berjaý etmek talaby barasynda SMS-habar ýollandy, polisiýa ýollarda gözegçiligini güýçlendirdi
Polisiýa jerime salýar, IIM-gi ulagy tiz sürmezlik we ota basmazlyk barada SMS arkaly duýduryş edýär
IIM-niň ýolbaşçysyna ÝHD gözegçiligi tiz wagtda güýçlendirmek we günäsi geçilenleri hasaba almak buýruldy