Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 8-nji fewralda ÝET boýunça wise-premýer Myratgeldi Meredowa nebit-gaz pudagynda täze sanly tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmagy tabşyrdy.
TDH-nyň habar bermegine görä, prezident “munuň geologiýa-gözleg işleriniň, has çuň gatlaklarda ýerleşen ýangyç ýataklaryny işläp taýýarlamagyň, dowamly ulanylýan känleriň netijeliligini artdyrmaga mümkinçilik berýändigini belledi”.
“Nebit-gaz pudagyny innowasion taýdan ösdürmek, düşbi guýularyň we sanly ýataklaryň taslamalaryny hasaba almak bilen, pudaklaýyn ylmy edaralaryň işiniň esasy ugurlarynyň birine öwrülmelidir” diýip, döwlet baştutany wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ýatladýarys, Gurbanguly Berdimuhamedow 2018-nji ýylyň noýabrynda “Türkmengeologiýa” döwlet kompaniýasynyň başlygyndan gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň täze ýataklaryny gözlemegi talap etdi.
18-nji ýanwarda Myratgeldi Meredow prezidente agyz suwunyň täze ýatagynyň tapylandygy hakynda hasabat berdi.
