Türkmenistan öz öndüren ýangyçlaryny saklamak üçin dürli ölçegli çelekleri satyn alar

1-nji martda, Ministrler kabinetiniň mejlisiniň dowamynda, ÝET boýunça wise-premýer Myratgeldi Meredow prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa Kenar kärhanasynda benzin we dizel ýangyjyny saklamak hem-de Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň Kerki şäherindäki nebit ammarynda benzin saklamak üçin dürli ölçegli polat çelekleri we degişli enjamlary satyn almak plany barada hasabat berdi.

Ýatladýarys, fewralda, Türkmenistan nebit ibermek marşrutyny üýtgedenden soň, Hazar deňzi arkaly eksport edilýän türkmen nebitiniň iki esse azalandygy mälim boldy. Emma muňa garamazdan, nebit çykarmagyň derejesi öňki durkunda saklanyldy.

Şol wagt habar berlişine görä, Türkmenistan eýýäm ammarlaryny dolduryp, nebit öndürmegi azaltmak töwekgelliginiň öň ýanynda durdy.

Ýene degişli makalalar

Berdimuhamedow “sanly burawlary” işjeň ornaşdyrmagy tabşyrdy
Türkmenistanyň prezidenti resmileri nebit-gaz önümlerini ýerlemek üçin bazar tapmaga howlukdyrýar
“Ýunaýtediň” taryhy ýeňşi
“Ýunaýtediň” taryhy ýeňşi
Türkmenistanyň we Bahreýniň wekilleri ÝET, syýahatçylyk we “Altyn asyr” köli barada maslahat etdiler
Türkmenbaşy porty, koreý mekdebi we 5G. Türkmenistanyň we Günorta Koreýanyň prezidentleri gepleşik geçirdiler