Berkarar döwletiň ylham joşguny atly döredijilik bäsleşigi yglan edildi

Berkarar döwletiň ylham joşguny atly döredijilik bäsleşigi yglan edildi

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylyny hem-de Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaralandyrmak, söz ussadynyň gymmaty egsilmejek edebi mirasyny ýaş nesilleriň arasynda giňden wagyz etmek, şeýle hem döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmak, olary döredijilik dünýäsiniň ilkinji ädimlerine höweslendirmek maksady bilen, Nesil gazetiniň redaksiýasy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde ýurduň döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlarynyň arasynda Berkarar döwletiň ylham joşguny atly döredijilik bäsleşigini yglan etdi.

Degişli bildiriş Nesil gazetiniň şu günki sanynda çap edildi.

Bäsleşige ýaşy 35-e çenli bolan ýaşlar gatnaşyp bilerler.

Bäsleşik döredijiligiň şu ugurlary — goşgulary, poemalary, hekaýalary we oýlanmalary ýazmak boýunça geçirilýär. Oňa gatnaşyjylar döredýän eserlerinde ýurtda gazanylýan üstünlikleri, watansöýüjiligi, Bitaraplygy we parahatçylygy, dost-doganlygy wasp edýän, şeýle-de erkin temalar boýunça taýýarlan döredijilik eserlerini 2024-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli bäsleşige hödürläp bilerler.

Bäsleşige gatnaşyjylar öz işlerini Berkarar döwletiň ylham joşguny diýen ýazgy bilen hödürläp, ýanyna özleri baradaky maglumatlary (maglumatnama, pasportynyň nusgasy, 2 sany 3x4 ölçegdäki fotosuraty, ýaşaýan ýeriniň salgysy, telefon belgisi) goşmalydyrlar.

Bäsleşige hödürlenen işleriň iň gowularyny saýlap-seçmek üçin guramaçylar tarapyndan eminler topary döredilýär.

Bäsleşigiň jemleri 2024-nji ýylyň maý aýynda jemlener. Ýeňijilere Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar, şeýle-de tapawutlanan işler üçin höweslendiriji baýraklar gowşurylar.

Bäsleşige hödürlenýän işleri şu salga ibermeli:

Aşgabat şäheri, 744604, Garaşsyzlyk şaýoly, Erkin döredijilik mekany, Nesil gazetiniň redaksiýasy.

E-mail: nesil-gazeti@sanly.tm

Habarlaşmak üçin telefon belgiler:

Nesil gazetiniň redaksiýasy: 39-95-27, 39-96-36.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi: 44-89-99, 44-88-81.

Ýene degişli makalalar

Ak Nesil bilim merkezi iňlis dili okuwlaryna güýzki kabul edilişigi yglan edýär
Türkmenistan gazeti žurnalistleriň we mirasgärleriň arasynda bäsleşik yglan etdi
Döredijilik bäsleşiklerinde ýeňiji bolan ýaşlar sylaglanyldy
Döredijilik saparyna gatnaşyjylar Gerkez obasynda boldular
Täjigistanda bilim alýan ýaşlar bilen duşuşyk
Manyly ömür nusgalyk ömür