Beýik Britaniýadaky karollyk kabulhanasyndan 1 million ýewrolyk gymmatlyklar ogurlandy

Beýik Britaniýadaky karollyk kabulhanasyndan 1 million ýewrolyk gymmatlyklar ogurlandy

Beýik Britaniýanyň Günbatar Sasseks etrabyndaky Arundel galasyndan 1 million ýewrolyk şa şaý-sepleri ogurlandy. Ogurlanan zatlaryň arasynda iň gymmatlysy Şotlandiýanyň şa zenany Mariýa Stýuartyň 1587-nji ýylda tagta çykanda geýen täjidir. Beýleki ogurlanan zatlaryň arasynda şa zenanyň Angliýanyň graf-marşalyna sowgat eden jäçleri hem bar.

Bbc.com-yň habaryna görä, talaňçylyk, galanyň uzak wagtlap gulplanmagynyň üçünji gününde ― anna güni bolup geçdi. Ogurlanan gymmatlyklaryň pul mukdary hem, taryhy ähmiýeti hem içiňi çekdirýär. Ýeri gelende aýtsak, Arundel galasy Wilgelm şa döwründe gurlupdyr.

Ýene degişli makalalar

12-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Nigeriýada guralan ýaragly hüjümlerde 23 adam ýogaldy
Iň kyn diller
Gümrük işgärleri okuw maslahatyna gatnaşdy
Nigeriýada guralan ýaragly hüjümlerde 7 adam ýogaldy
Nigeriýada zamun alynan talyplar azat edildi