BMG: "Ukrainada uruşyň depgini güýçlendi" diýdi

BMG: "Ukrainada uruşyň depgini güýçlendi" diýdi

BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşinde Ukrainada başdan geçirilen soňky hadysalar ara alynyp maslahatlaşyldy.

Ol ýerde agza ýurtlara maglumat beren BMG-nyň Syýasatyň we Parahatçylygyň ýola goýulmagy işlerinden jogapkär baş sekretaryň orunbasary Rozmari DiKarlo, BMG-nyň şertiniň hem düzgünini bozan Russiýa-Ukraina uruşynyň ýakyn wagtda tamamlanjak ýaly görünmeýändigini habar berdi.

Rozmari DiKarlo BMG-nyň Ukrainada adalatly we dowamly bir parahatçylyk üçin ähli manyly tagallalary goldamaga dowam etjekdigini habar berdi.

Russiýanyň 17-nji iýulda Gara deňiz Galla ylalaşygynden çekilmegi baradaky kararyndan soň, Ukrainada uruşyň depgininiň güýçlenendigini aýdan Rozmari DiKarlo, dartgynlygyň artandygyny we Gara deňizde gämileriň erkin gatnawlaryna garşy howplaryň emele gelendigine ünsleri çekdi.

2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, Ukrainanyň basylyp alynmagy barada görkezme beripdi we şeýlelik bilen Russiýa-Ukraina uruşy başlapdy.

Ýene degişli makalalar

Aşgabat Russiýada kyn ýagdaýa düşen raýatlarynyň ykbalyna 'göz ýumýar'
Rus Goşunlary Hüjümlerini Dowam Etdirýär
Russiýa Ukrainanyň Harkow şäherine hüjüm gurady
Russiýanyň daşary işler ministri Hytaýda saparda bolýar
Ukrainanyň goşunynyň Zaparožýe sebitine hüjüm gurandygy bellendi
Prezident Erdogan Germaniýaly Kärdeşi Ştaýnmaýer Bilen Duşuşyk Geçirdi
Russiýanyň günbataryna uçarmansyz howa ulaglary bilen hüjümler guraldy