Russiýanyň günbataryna uçarmansyz howa ulaglary bilen hüjümler guraldy

Russiýanyň günbataryna uçarmansyz howa ulaglary bilen hüjümler guraldy

Smolensk sebitiniň gubernatory Wasiliý Anohin Telegram hasabyndan Ukraina degişli uçarmansyz howa ulaglarynyň hüjümlerine sezewar galandyklaryny habar berdi. Anohin: "Duşmanyň energiýa desgalaryndaky raýat infrastrukturalaryna garşy guran hüjümleriniň netijesinde Smolensk we Ýartsewskiý raýonlarynda ýangyn boldy" diýip mälim etdi.

Lipetsk sebitiniň gubernatory Igor Artamonow hem bir uçarmansyz howa ulagynyň senagat desgasyna gaçandygyny özüniň Telegram hasabyndan ýazdy. Artamonow ýakyn öýlerde ýaşaýan adamlaryň öňüni alyş çäreleriň çäginde ewakuasiýa edilendigini, wakada hiç kimiň ýaralanmandygyny beýan etdi.

Woroneždäki nebiti gaýtadan işleýän zawotda ýüze çykan ýangyn bilen bagly ilki başda hiç hili resmi beýannama berilmedi, emma sosial ulgamlarda şaýatlar tarapyndan alynan wideo we surat materiallar paýlaşylmaga başlanyndan birnäçe wagt soň bolsa 4 uçarmansyz howa ulagynyň ýere gaçyrylandygyny we hususy bir binada ýangynyň bolandygy aýan edildi.

Ýene degişli makalalar

Daşary ýurt metbugatyna syn
Aşgabatda Mihail Bulgakowyň 130 ýyllygyna bagyşlanan immersion oýun görkezildi
Gresiýada Mondrian bilen Pikassonyň 2012-nji ýylda ogurlanan kartinalary tapyldy
Daşkentde emeli dem aldyryş enjamlarynyň önümçiligi ýola goýuldy
...Hudaý sungatlarda maňa zehin baryn eçilipdir
Täze ýyl baýramçylygyny bellemegiň dessurlary