Daşkentde emeli dem aldyryş enjamlarynyň önümçiligi ýola goýuldy

Daşkentde emeli dem aldyryş enjamlarynyň önümçiligi ýola goýuldy

Özbegistanyň Daşkent şäherinde düýn - 16-njy martda Russiýanyň Shimco Group kompaniýasy bilen Slowakiýanyň Chirana kompaniýasy tarapyndan emeli dem aldyryş enjamlaryny öndürýän zawod işe girizildi.

Özbegistanyň Russiýa we Slowakiýa bilen bilelikdäki täze kärhanasy bolan Chirana Asia ýylda 500 sany enjam öndürmeklige mümkinçiligi bar. Önümçiligiň umumy bahasy 6 million dollar.

Shimco Group kompaniýasynyň müdiri Wasiliý Şimkonyň bellemegine görä, Daşkentde öndürilen enjamlarda turbinanyň ýerine membrana kompressory ulanylýar. Membrana kompressory bolsa, hyzmat möhletini ep-esli ýokarlandyrýar we ýelpewaja (wentilýatora) tehniki hyzmat etmegiň çykdajylaryny azaldýar. Wasiliý Şimko, şular ýaly enjamyň ilkinjisiniň 2020-nji ýylyň maý aýynda Daşkendäki 1-nji döwlet kliniki hassahanasyna iberilendigini aýtdy.

Russiýanyň Shimco Group kompaniýasy birinji tapgyrda emeli dem aldyryş enjamlaryny öndürmeklik üçin 2 million dollar maýa goýdy. Geljekde bilelikdäki kärhana anestezik we diş enjamlarynyň önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýär.

Önümleriň 80 göterimine golaýy Merkezi Aziýa ýurtlaryna, ilkinji nobatda Owganystana eksport edilmegi meýilleşdirilýär. Mundan başga hem, Chirana Asia kärhanasy Täjigistan we Gyrgyzystan bilen hem şertnama baglaşdy.

Ýene degişli makalalar

Russiýanyň günbataryna uçarmansyz howa ulaglary bilen hüjümler guraldy
Daşary ýurt metbugatyna syn
Aşgabatda Mihail Bulgakowyň 130 ýyllygyna bagyşlanan immersion oýun görkezildi
Gresiýada Mondrian bilen Pikassonyň 2012-nji ýylda ogurlanan kartinalary tapyldy
...Hudaý sungatlarda maňa zehin baryn eçilipdir
Täze ýyl baýramçylygyny bellemegiň dessurlary