Borussiýa Terziçiň baş tälimçilikden boşadylandygyny mälim etdi

Borussiýa Terziçiň baş tälimçilikden boşadylandygyny mälim etdi

Dortmundyň Borussiýa futbol klubunyň metbugat gullugy Edin Terziçiň baş tälimçilikden boşadylandygyny yglan etdi.

Habarda bellenilişine görä, tälimçiniň özi işden gitmek barada arza beripdir hem-de onuň islegi toparyň ýolbaşçylary tarapyndan kanagatlandyrylypdyr.

41 ýaşly hünärmen Edin Terziç 2022-nji ýylyň maýyndan bäri Borussiýanyň baş tälimçisi bolup işläp gelýärdi. Onuň topar bilen şertnamasy 2025-nji ýylyň tomsuna çenli niýetlenendi. Mundan başga-da, ol 2010 — 2013-nji ýyllaryň aralygynda hem-de 2018-nj ýyldan häzirki wagta çenli toparyň ulgamynda işläp gelýärdi. Ol klubuň ýaşlar toparlaryny türgenleşdirdi hem-de tälimçiler ştabynda zähmet çekdi.

Şeýle-de ol dürli ýyllarda Angliýanyň West Hem hem-de Türkiýäniň Beşiktaş toparlaryna hem tälimçilik etdi.

Ýeri gelende bellesek, tamamlanan möwsümde Borussiýa ÝÇL-iň finalyna çykmagy başardy hem-de ýaryşyň aýgytlaýjy oýnunda Ispaniýanyň Realyndan 2:0 hasabynda asgyn geldi. Topar geçen möwsümde Bundesligada bäşinji orny eýeledi. 2022/23-nji ýyllaryň möwsüminde bolsa Borussiýa Bundesliganyň kümüş medalyna eýe çykypdy.

Ýene degişli makalalar

Ýewropada soňky çärýek asyryň çempionlary (habar-seljerme)
Iki ýyldyz futbolçy öz yklymyna dolandy
15 ýyldan soň Germaniýa dolandy
Italiýaly ýyldyz hüjümçi Pariže gaýtdy
Keýniň taryhy statistikasy
“Bawariýa” hem ýeňilýär