15 ýyldan soň Germaniýa dolandy

15 ýyldan soň Germaniýa dolandy

Bosniýa we gersegowinaly weteran hüjümçi Edin Jeko 15 ýyldan soň Germaniýa dolandy. 39 ýaşyndaky Jeko Italiýanyň “Fiorentina” toparyndan Germaniýanyň 2-nji ligasynda çykyş edýän belli “Şalke 04” toparynyň düzümine goşuldy.

Ol möwsümiň ahyryna çenli bu klubuň köýnekçesini geýer. 2007-2011-nji ýyllar aralygynda “Bundesligada” “Wolfsburg” toparynda oýnan Jeko ondan soň, “Mançester Siti”, “Roma”, “Inter”, “Fenerbahçe”, “Fiorentina” toparlarynda çykyş etdi.

Jeko karýerasy boýunça klublarda 909 oýunda 381, milli toparda 146 duşuşykda 72 gol geçirdi.Onuň “Bundesligada” hem-de “Premier Ligada” çempionlygy bar.

Ýene degişli makalalar

“Bawariýany” durzup bolanok, 15 oýundan bäri ýeňiş gazanyp gelýär
Ýewropada soňky çärýek asyryň çempionlary (habar-seljerme)
Iki ýyldyz futbolçy öz yklymyna dolandy
Borussiýa Terziçiň baş tälimçilikden boşadylandygyny mälim etdi
90-njy minutdan soň gelen ýeňişler
“Bawariýa” 50 million ýewrolyk transferini mälim etdi