Braziliýaly ýarymgoragçy “Premier Ligadan” BAE transfer boldy

Angliýanyň “Ewerton” toparynyň braziliýaly ýarymgoragçysy Allan hem karýerasyny arap klublarynda dowam etdirjek oýunçylaryň hataryna goşuldy. 31 ýaşyndaky oýunçy BAE-niň “Al Wahda” toparyna transfer boldy. BAE-liler Allan bilen 2 ýyllyk şertnama baglaşdy. “Ewerton” bilen şertnamasyny ýatyran oýunçy iňlis klubunda 52 oýunda 3 goluň pasyny berdi. Allan “Ewertondan” öň Italiýanyň “Napoli” klubunda oýnapdy.

Ýene degişli makalalar

Iki ýyldyz futbolçy öz yklymyna dolandy
Ronaldo 700-nji goluny geçirdi
“Mançester Siti” çempionlyk kubogyny asmana göterdi
“Premier Ligada” futbol baýramçylygy 11 günde 30 oýun
Ispaniýaly tälimçileriň täze klublary
APL-niň geçen möwsüminiň iň şowsuz transferleri yglan edildi