“Mançester Siti” çempionlyk kubogyny asmana göterdi

Angliýanyň çempionatynda 37-nji tapgyrda çempion belli bolup, “Mançester Siti” kluby bassyr 3-nji çempionlygyny gazandy. 247 günläp möwsümi 1-nji orunda dowam etdirip, soňky tapgyrlarda 2-nji orna düşen “Arsenalyň” myhmançylykda “Nottingam Forestden” 1-0 utulmagyndan soň, “Mançester Siti” çempionlygyny yglan etdi. “Çelsi” duşuşygynda çempion hökmünde meýdança çykan “Mançester Siti” topary bu oýunça Alwaresiň ýeke-täk goly bilen 1-0 ýeňiş gazandy.

Duşuşykda soň “Mançester Siti” toparyna çempionlyk kubogy gowşuryldy. “Premier Ligada” 7-nji, umumylykda-da Angliýanyň ýokary ligasynda 9-njy gezek (1937, 1968, 2012, 2014, 2018, 2019, 2021, 2022, 2023) çempion bolan “Mançester Siti” soňky 6 ýylda 5-nji gezek çempion bolmagy başardy. “Mançester Siti” çempionlyk gazanmakda “Ewerton” bilen deňleşdi we bu iki topardan öňde “Mançester Ýunaýted” (20), “Liwerpul” (19) hem-de “Arsenal” (13) bar.

Çempionatda ligada galmak üçin “Ewerton”, “Lids” hem-de “Lester Sitiniň” arasynda ýiti göreş dowam edýär.

Ýene degişli makalalar

“Mançester Ýunaýted” hem-de “Arsenal” üçin ýaryş tamamlandy
“Altyn top” baýragyna 8-nji gezek Lionel Messi laýyk görüldi
Real we Mançester Siti ÝÇL-iň çärýek finalyna çykdy
Gysga setirlerde: 15-nji fewralda sport habarlary
“Çelsi”, “Arsenal”, “Tottenham”, “West Ham”… Londonyň klublary ýaryşdan çykdy
Iki ýyldyz futbolçy öz yklymyna dolandy