Ronaldo 700-nji goluny geçirdi

Angliýanyň çempionatynda 10-njy tapgyryň çäginde “Mançester Ýunaýted” myhmançylykda “Ewertony” Antoni (15) we Kristiano Ronaldonyň (44) gollary bilen 2-1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.Duşuşykda toparynyň ýeňiş goluny geçiren Ronaldo şu möwsümde “Premier Ligada” ilkinji gezek tapawutlanyp, ol bassyr 20 möwsüm milli ligalarda gol geçirmegi başardy.

Onuň geçiren bu goly klublardaky 700-nji goly hökmünde hasaba alyndy.Portugaliýaly super ýyldyz bu görkezijä 943 duşuşykda ýetmegiň hötdesinden geldi.Onuň bu goly klub karýerasynda ilkinji geçiren golundan 20 ýyl 2 gün soň hasaba alnyp, Ronaldo şu wagta çenli “Sportingde” 5, “Real Madridde” 450, “Ýuwentusda” 101 hem-de 2-nji döwrüni başdan geçirýän topary “Mançester Ýunaýtedde” 144 goly derwezä girizdi.

Ýene degişli makalalar

16 duşuşyk 48 gol
Ronaldonyň 1200-nji duşuşygy
Ronaldonyň 2 goly, “Al Nassryň” 3 utugy
Depen topy gol bolýan hüjümçi Harri Keýn (makala)
AFK Çempionlar Ligasynda “Al-Ain” bilen “Phohan Stilers” 1/8 finala çykan ilkinji klublar boldy
Kristiano Ronaldonyň täze kluby belli boldy
PSŽ-niň täze hüjümçisi portugaliýaly oýunçy boldy